1909-njy ýylda Londondaky Palas teatrynda (iňlisçe: Palace Theatre) ilkinji kinemakolor – “reňkli hereketli surat prosesi” arkaly düşürilen film köpçülige görkezilýär. Kinemakolor 1906-njy ýylda Jorj Albert Smit tarapyndan oýlanyp tapylýar. Bu usulda gyzyl/mämişi we gök/ýaşyl süzgüçleriň aňrysynda surata düşürilen ak-gara kino gyzyl we ýaşyl süzgüçlerden geçirilip görkezilýär. Şeýlelikde tomaşaçylar iki reňkli gyzyl we ýaşyl reňkleri bolan hereketli suratlary görýärler. Şeýle-de bolsa olar reňkli kino hasaplanmaýar.