Duşenbe güni Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtynda Bütindünýä Söwda Guramasynyň 13-nji ministrler konferensiýasy başlap, oňa dürli ýurtlaryň ykdysadyýet, söwda we ösüş ministrleri, şeýle hem dünýäniň ykdysady we söwda guramalarynyň wekilleri gatnaşýar.
BAE-niň daşary söwda boýunça döwlet ministri Tani ben Ahmed al-Zeýudi öz çykyşynda BAE-niň halkara ykdysady meseleler boýunça ylalaşygy saklamagy we dünýäni birleşdirýän söwda merkezine öwrülmegi maksat edinýändigini aýtdy.
BAE-nyň BSG tarapyndan gözegçilik edilýän köptaraplaýyn söwda ulgamyna goldaw bermegini dowam etdirjekdigini, onuň dünýä ykdysadyýetiniň durnukly ösüşiniň hereketlendiriji güýjüdigine we dünýädäki adamlaryň durmuşyny gowulaşdyrmaga goşant goşýandygyna ynanýandygyny belledi.
Hytaýyň Söwda ministri Wan Wentao öz çykyşynda BSG-niň köptaraplaýynlygyň möhüm sütünidigini we global ykdysady dolandyryşyň möhüm ugrudygyny belledi.
Hytaý hökümeti köptaraplaýyn söwda ulgamyny berk goraýar we BSG-niň işine uly ähmiýet berýär diýip, Wan Wentao Hytaýyň açyk dünýä ykdysadyýetini gurmak üçin ähli taraplar bilen işleşjekdigini aýtdy.
Maslahatyň açylyş dabarasynda Komor adalary we Gündogar Timor BSG-ä resmi taýdan kabul edildi we agzalarynyň umumy sanyny 166-a ýetirdi.
Ministrler konferensiýasy BSG-niň iň ýokary dolandyryş edarasydyr.