Ylym-bi­lim we ede­bi­ýat dün­ýä­si­niň öň­de­ba­ry­jy­la­ry­na gow­şu­ryl­ýan No­bel baý­ra­gy­nyň 2017-nji ýyl­da­ky ýe­ňi­ji­le­ri kes­git­le­nip baş­lan­dy. Luk­man­çy­lyk, fi­zi­ka we hi­mi­ýa, yk­dy­sa­dy­ýet, ede­bi­ýat hem-de pa­ra­hat­çy­lyk ugur­la­ry bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy­nyň ýe­ňi­ji­le­ri mä­lim edil­ýär.
Luk­man­çy­lyk ug­ry
No­bel baý­ragy­nyň ýe­ňi­ji­le­ri­niň ha­ta­ryn­da il­kin­ji bo­lup, luk­man­çy­lyk ug­ru­nyň ýe­ňi­ji­si kes­git­len­di. Bu ugur­da ABŞ-nyň alym­lar to­pa­ry – Maýkl Ýang, Jeff­ri Holl we Maýkl Ros­baş adam sy­na­sy ba­ra­da­ky açyş­la­ry üçin baý­ra­ga my­na­syp bol­du­lar.
Alym­lar adam be­de­nin­dä­ki saz­la­şyk­ly he­re­ket­le­ri ama­la aşyr­ýan mo­le­kul­ýar me­ha­nizm­le­riň üs­tü­ni aç­dy­lar. Şeý­le­lik­de, adam­la­ryň, ösüm­lik­le­riň hem-de jan­dar­la­ryň gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da­ky saz­la­şy­gyň dür­li tap­gyr­la­ry­na uý­gun­laş­ma­gy­ny anyk­la­dy­lar. Alym­lar uku­ny, adam be­de­ni­niň gyz­gyn­ly­gy­ny, ar­te­ri­al gan ba­sy­şy saz­la­ýan içki öý­jük­le­riň syr­la­ry­ny mä­lim et­di­ler.
2016-njy ýyl­da luk­man­çy­lyk baý­ra­gy­na ýa­pon aly­my Ýo­si­no­ri Osu­mi my­na­syp bo­lup­dy.
Fi­zi­ka ug­ry
Ikin­ji bo­lup, fi­zi­ka bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy­nyň 2017-nji ýyl­da­ky ýe­ňi­ji­le­ri mä­lim edil­di. Bu ugur­da­ky baý­ra­ga ýe­ne-de ame­ri­ka­ly alym­lar Kip Torn, Raý­ner Waýss hem-de Gar­ri Ber­riş my­na­syp bol­du­lar. Alym­lar to­pa­ry gra­wi­ta­si­ýa tol­kun­la­ry­ny tap­ýan en­jam­lar top­lu­my­nyň (LI­GO) esas­lan­dy­ry­jy­sy­dyr.
LI­GO en­ja­my 2002-nji ýyl­da dö­re­dil­di. Ýö­ne ol dö­re­den ýyl­la­ryn­da tol­kun­la­ry tap­ma­gy ba­şar­ma­dy. Soň­ra alym­lar ony tä­ze­den iş­läp düz­mek üçin 4 ýy­ly­ny sarp et­di­ler. 2015-nji ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da alym­la­ryň zäh­me­ti ýe­ri­ne düş­di. Olar gra­wi­ta­si­ýa tol­kun­la­ry­ny ha­sa­ba al­dy­lar. Alym­lar 2016-njy ýyl­da-da No­bel baý­ra­gy­na da­laş edip­di.
Himiýa ugry
Alymlaryň yl­my iş­le­ri­niň yk­rar edil­me­gi­ne go­şant goş­ýan No­bel baý­ra­gy­nyň hi­mi­ýa ug­ry bo­ýun­ça-da ýe­ňi­ji­leri mä­lim edil­di. Bu ugur­da ýo­ka­ry sy­la­ga 3 alym – şweý­sa­ri­ýa­ly Žak De­buş, ame­ri­ka­ly Ioa­him Frank hem-de Be­ýik bri­ta­ni­ýa­ly Ri­çard Hen­den­son my­na­syp bol­dy. Alym­lar to­pa­ry bio­lo­gi­ki nus­ga­la­ryň şolba­da doň­ma­gy­ny üp­jün ed­ýän teh­no­lo­gi­ýa­ny oý­lap tap­dy­lar. Bu ba­ra­da No­bel ko­mi­te­ti­niň res­mi in­ter­net saý­tyn­da ha­bar be­ril­ýär.
Ge­çen ýyl hi­mi­ýa ug­ry bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy­na Žan-Pýer Sa­waž, Fre­zer Stod­dart hem-de Ber­nard Fe­rin­ge my­na­syp bo­lup­dy. Olar mo­le­kul­ýar en­ja­my oý­lap tap­ma­gy ba­şa­ryp­dy.
EDEBIÝAT UGRY
2017-nji ýyl boýunça edebiýat ugrunyň ýeňijisi kesgitlendi. Oňa asly ýapon bolan Beýik Britaniýanyň raýaty Kadzuo Isiguro mynasyp boldy. Bu ýazyjynyň iň meşhur eserleriniň biri «Meni hiç haçan goýberme» atly romanydyr.
Şu gün pa­ra­hat­çy­lyk ug­ry bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy­nyň ýe­ňi­ji­si mä­lim edi­ler. 9-njy okt­ýabr­da bol­sa, yk­dy­sa­dy­ýet ug­ru­nyň ýe­ňi­ji­le­ri bel­li bo­lar.
No­bel baý­ra­gy­na Ka­ro­lin ins­ti­tu­tyn­da­ky No­bel as­samb­le­ýa­sy jo­gap ber­ýär. Ol Şwe­si­ýa­nyň Stok­golm şä­he­rin­de ýer­leş­ýär. As­samb­le­ýa­nyň dü­zü­min­de 50 pro­fes­sor bar. Onuň iş­le­ýän eda­ra­sy No­bel ko­mi­te­ti­dir. As­samb­le­ýa topary her ýyl bir­nä­çe ge­zek jem­le­niş­ýär we ko­mi­tet ta­ra­pyn­dan saý­la­nan da­laş­gär­ler ba­ra­da pi­kir alyş­ýar. Her ýy­lyň okt­ýabr aýy­nyň bi­rin­ji du­şen­be­sin­de No­bel baý­ra­gy­nyň il­kin­ji eýe­le­ri­ni mä­lim ed­ýär­ler.
2017-nji ýyl­da No­bel gaz­na­sy pul baý­rak­la­ry­nyň möç­be­ri­ni art­dyr­dy. Onuň möç­be­ri 8 mil­li­on­dan 9 mil­li­on şwed kro­ny­na (1,12 mil­li­on dol­la­ra) deň bol­dy. Bu gör­ke­zi­ji 2001-nji ýyl­dan soň­ra il­kin­ji ge­zek kö­pel­dil­di. 2012-nji ýyl­da ma­li­ýe çök­gün­li­gi se­bäp­li pul baý­ra­gy­nyň möç­be­ri azal­dy­lyp­dy.