Is­pa­ni­ýa­nyň Bar­se­lo­na şä­he­rin­de Mo­bil dün­ýä mas­la­ha­ty (MWC-2024) ge­çi­ril­di. 4 gün­lük hal­ka­ra göz­den ge­çi­ri­li­şe elekt­ron we aw­tou­lag se­na­ga­tyn­da iş alyp bar­ýan dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry gat­na­şyp, soň­ky ha­ryt­la­ry­ny we hyz­mat­la­ry­ny köp­çü­li­ge gör­kez­di. Ser­gi­de mo­bil teh­no­lo­gi­ýa­lar, uç­ýan tak­si­ler, eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy­na de­giş­li en­jam­lar we beý­le­ki­ler gör­ke­zil­ýär. Bü­tin­dün­ýä GSM bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan (GSMA) her ýyl­da gu­ral­ýan ser­gä dün­ýä­niň äh­li ýur­dun­dan di­ýen ýa­ly we­kil­ler gat­naş­ýar. Bu ýyl­ky ser­gi­de eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy ün­si has köp özü­ne çek­ýär. Göz­den ge­çi­ri­liş­de «Ho­nor», «Xiao­mi», «One Plus», «In­fi­nix» we «Sam­sung» ýa­ly dün­ýä bel­li brend­ler soň­ky önüm­le­ri­ni hö­dür­län bol­sa, «Go­og­le» eme­li aň aý­ra­tyn­lyk­la­ry, «Le­novo» bol­sa, aň­ry­sy gö­rün­ýän ýan­komp­ýu­te­ri bi­len kö­püň ün­sü­ni çek­di. «Go­og­le AI» eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny has köp ýer­de ulan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­ny te­le­fon­lar­da, aw­tou­lag­lar­da we da­ky­nyl­ýan en­jam­lar­da ulan­mak müm­kin. Di­ňe smart­fon däl, beý­le­ki dür­li elekt­ron en­jam­la­ry ön­dür­ýän «Xiao­mi» bol­sa, aw­tou­la­gy we ro­bot iti bi­len ser­gä ge­len­le­riň ün­sü­ni çek­di. Ser­gi­de ba­da-bat ter­ji­me et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän teh­no­lo­gi­ýa­lar hem az däl. Şeý­le hem uç­ýan aw­tou­lag, ýük da­şa­ma­ga ni­ýet­le­nen uç­ýan en­jam­lar, 5G we 6G teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ta­nyş­dy­ryl­dy.

Röw­şen BER­DI­MY­RA­DOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.