Türk­men döw­le­ti öz ga­raş­syz ösü­şi­niň no­bat­da­ky tap­gy­ry­na ga­dam bas­mak bi­len, ynam­ly we ok­gun­ly öňe bar­ýar.
Türk­me­nis­ta­nyň döw­let Garaş­syz­ly­gy­ny ga­zan­ma­gy ýur­du­my­zyň ta­ry­hyn­da tä­ze eý­ýa­myň baş­la­nan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­dy. 1991-nji ýy­lyň güý­zün­de ga­za­ny­lan Ga­raş­syz­lyk türk­men hal­ky­na öz döw­let gur­lu­şy­ny, yk­dy­sa­dy ösüş ug­ru­ny, dur­muş sy­ýa­sa­ty­ny we hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ny mil­li bäh­bit­le­riň esa­syn­da öz­baş­dak kes­git­le­mä­ge giň müm­kin­çi­lik ber­di. Şon­dan bä­ri ge­çen ýyl­la­ryň do­wa­myn­da Türk­me­nis­tan sy­ýa­sy taý­dan dur­nuk­ly, yk­dy­sa­dy taý­dan ösen döw­let­le­riň ha­ta­ryn­a ynam­ly go­şul­dy.
Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na geç­me­gi­niň mö­hüm ug­ry hök­mün­de hu­su­sy te­le­ke­çi­li­ge uly orun be­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da bu ugur bo­ýun­ça hal­ka­ra ser­gi­ler we mas­la­hat­lar yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Ola­ra ýer­li we da­şa­ry ýurt­ly te­le­ke­çi­ler uly hö­wes bi­len gat­naş­ýar­lar, öza­ra tej­ri­be alyş­ýar­lar.
Soň­ky ýyl­lar­da hu­su­sy pu­da­gyň je­mi içer­ki önü­miň dü­zü­min­dä­ki pa­ýy yzy­gi­der­li art­ýar. «Türk­me­nis­ta­ny 2026-njy ýyl­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň we ma­ýa go­ýum Mak­sat­na­ma­syn­da» je­mi içer­ki önü­miň dü­zü­min­de hu­su­sy pu­da­gyň pa­ýy­ny 72,9 gö­te­ri­me ýe­tir­mek we­zi­pe­si­niň kes­git­le­nil­me­gi bu ul­gam­da tä­ze be­lent­lik­le­re ta­rap ugur alyn­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar. Hu­su­sy gur­lu­şyk dü­zü­mi döw­let äh­mi­ýet­li ägirt uly tas­la­ma­la­ryň he­re­ket­len­di­ri­ji güý­jü­ne öw­rül­di. Hä­zir türk­men te­le­ke­çi­le­ri ägirt uly gur­lu­şyk tas­la­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­ýar­lar. My­sal üçin, Aş­ga­bat – Türk­me­na­bat ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy do­lu­ly­gy­na ýer­li te­le­ke­çi­ler ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Şeý­le hem se­bit­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk Ar­ka­dag şä­he­ri­niň bi­na­la­ry­nyň we dur­muş inf­rast­ruk­tu­ra­sy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy, şä­her gur­lu­şy­gyn­da peý­da­la­ny­lan se­riş­de­le­riň ag­ram­ly bö­le­gi­niň ýer­li kär­ha­na­lar­da ön­dü­ri­len­di­gi hu­su­sy pu­da­gyň tej­ri­be­si­niň ar­typ, amal ed­ýän iş­le­ri­niň dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da dok­ma se­na­ga­ty­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy hem yzy­gi­der­li döw­re­bap­laş­dy­ry­lyp, yk­dy­sa­dy taý­dan has bäh­bit­li tä­ze önüm­çi­lik­ler gu­rul­ýar, do­lan­dy­ryş-mar­ke­ting işi kä­mil­leş­di­ri­lip, pu­da­gyň işi­ne öň­de­ba­ry­jy usul­lar or­naş­dy­ryl­ýar. Be­re­ket­li türk­men top­ra­gyn­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän, «ak al­ty­na» de­ňel­ýän pag­ta­dan ön­dür­ýän ýo­ka­ry hil­li önüm­le­ri­miz öz içer­ki ba­zar­la­ry­myz­da bol­şy ýa­ly, dün­ýä ba­zar­la­ryn­da hem ýo­ka­ry is­le­ge eýe bol­ýar. Aş­ga­bat, Gök­de­pe, Gyp­jak, Ru­ha­bat, Ka­ka, Bä­her­den, Ba­ba­daý­han, Baý­ra­ma­ly dok­ma top­lum­la­ry­nyň «Go­za», «Ga­la», «Bür­güt», Türk­men­ba­şy jins top­lu­my­nyň «Be­dew» ha­ryt ny­şan­ly döw­re­bap egin-eşik­le­ri, Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki «Ahal», Ma­ry we­la­ýa­tyn­da­ky «Ýe­ňiş», Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da­ky «Çe­per», Le­bap we­la­ýa­tyn­da­ky Türk­me­na­bat ti­kin fab­rik­le­ri­niň, Aş­ga­ba­dyň pan­bar­hat fab­ri­gi­niň «Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ril­di» di­ýen bel­gi­ler bi­len ön­dür­ýän aja­ýyp önüm­le­ri hi­li­niň ýo­ka­ry­ly­gy, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa­ly­gy, iň esa­sy-da, adam be­de­ni­ne ýa­ram­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz: «Da­şa­ry ýurt döw­let­le­ri, Hal­ka­ra pul gaz­na­sy, Bü­tin­dün­ýä ban­ky, Azi­ýa­nyň ösüş ban­ky, Ýew­ro­pa­nyň tä­ze­le­niş we ösüş ban­ky, Ys­lam ösüş ban­ky ýa­ly hal­ka­ra ma­li­ýe ins­ti­tut­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk has-da iş­jeň­leş­di­ril­me­li­dir. Bi­le­lik­de ma­ýa go­ýum fo­rum­la­ry we işe­wür­ler mas­la­hat­la­ry ge­çi­ril­me­li­dir» di­ýip nyg­ta­ýar. «Türk­me­nis­ta­nyň bank ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň 2011 – 2030-njy ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy­na» hem-de ýur­du­my­zy ýa­kyn we uzak ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­la­ry­na, beý­le­ki hu­kuk na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi kö­pu­gur­ly ös­dür­mek, im­por­tyň or­nu­ny tut­ýan, eks­port ugur­ly ýer­li önüm­çi­lik­le­ri gol­da­mak, bank ul­ga­my­nyň in­no­wa­si­on hä­si­ýet­li ösü­şi­ni üp­jün et­mek, yk­dy­sa­dy taý­dan äh­mi­ýet­li pu­dak­la­ry ma­li­ýe­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, hal­ka­ra ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry, se­bit­le­ýin ösüş bank­la­ry bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk bar­ha gi­ňel­dil­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň ösü­şi­niň hä­zir­ki za­man tap­gy­ry yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ry­ny we dur­muş ul­gam­la­ry­ny san­ly­laş­dyr­mak bo­ýun­ça giň ge­rim­li döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. In­no­wa­si­on yk­dy­sa­dy­ýet we ösen se­na­gat ul­ga­my ýo­ka­ry bi­lim­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak­da düý­bün­den tä­ze­çil çe­me­leş­me­le­ri ta­lap ed­ýär. Ýo­ka­ry hem-de or­ta hü­när okuw mek­dep­le­rin­de ylym-bi­li­miň we önüm­çi­li­giň berk ara­bag­la­ny­şy­gy­nyň üp­jün edil­me­gi ýaş­la­ryň öz saý­lap alan ug­run­dan ök­de hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ne, san­ly yk­dy­sa­dy­ýet üçin ze­rur teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, in­no­wa­si­on çöz­güt­le­ri do­ly de­re­je­de iş­läp taý­ýar­la­mak­la­ry­na müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Eziz Di­ýa­ry­my­zyň ne­bit­gaz pu­da­gy­ny döw­re­bap ös­dür­mek, onuň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak hem-de ug­le­wo­do­rod gor­la­ry­ny ne­ti­je­li öz­leş­dir­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li iş­le­riň çä­gin­de Ha­zar deň­zi­niň türk­men bö­le­gin­dä­ki yg­ty­ýar­lan­dy­ry­lan de­ňiz top­lum­la­ryn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­ga aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň bin­ýat­lyk pu­da­gyn­da giň ge­rim­li hal­ka­ra tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka stra­te­gi­ýa­sy­nyň baş ug­ry bo­lup dur­ýar.

Ma­hym ÇE­TI­ÝE­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.