1882-nji ýylyň 4-nji martynda Britaniýanyň elektrik energiýasy bilen işleýän ilkinji tramwaýy Londonyň gündogarynda açylýar. Ondan öň atlaryň deregine motorly tramwaýlar hem peýda bolýar. Zarýad saklaýan batareýalaryň oýlanyp tapylmagy elektrik energiýasy bilen işleýän tramwaýlary ulanmaga mümkinçilik berýär. Ilkinji elektrik liniýasy Akton hem-de Kew beketleriniň arasynda çekilýär. 1901-nji ýylda “Croydon Corporation” kompaniýasy elektrik energiýasy bilen işleýän tramwaýyň tutuş Uly London (Greater London) sebitinde işläp başlandygyny habar berýär.