Russiýanyň çempionatynda gyşky arakesme tamamlanyp, nobatdaky tapgyryň duşuşyklaryna badalga berildi. Tapgyryň merkezi oýny Sankt-Peterburgda oýnalyp, “Zenit” öz meýdançasynda “Spartak Moskwa” toparyny kabul etdi. Duşuşykda esasan hem myhmanlar howply pursatlar döretselerem, iki tarapa hem hasaby açmak başartmady we duşuşyk golsuz tamamlandy. “Zenit” topary şol duşuşyga çenli çempionatda yzly-yzyna 25 oýunda gol geçirip gelýärdi. Şeýle-de, “Zenit” öz meýdançasynda 58 oýundan soň gol geçirip bilmedi.

Çempionatda sanawyň lideri “Krasnodar” hem öz meýdançasynda “Rubin” bilen 1-1 deňme-deň oýnady.