Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde nusgalyk tagallalar edilýär, iri möçberli gurluşyk taslamalary üstünlikli amala aşyrylýar, ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýady pugtalanýar. Şoňa görä-de, bu gün berkarar Watanymyz ýokary depginler bilen özgerýär, kuwwatly ýurda öwrülýär.
Ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli hem ynamly amala aşyrylýan uly özgertmeleriň aýdyň netijesidir.
Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň depginli alnyp barylmagy, onuň medeni-durmuş maksatly desgalary hem öz içine almagy deňi-taýy bolmadyk «akylly» şähere bolan gyzyklanmany ýokarlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan badalga alan bu şäher diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem, Merkezi Aziýa sebitinde «durmuş-üpjünçilik düzümi tutuşlygyna sanly ulgam arkaly dolandyrylýan ýeke-täk şäher» diýlip tanalýar. Onuň gurluşygyna diňe öz ýurdumyzyň hususy gurluşyk kärhanalarynyň gatnaşandygy, şeýle hem gurluşyk işlerinde diňe ýurdumyzyň çäginde öndürilýän, ekologiýa taýdan arassa serişdeleriň ulanylandygy aýratyn buýsançlydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen uzak ýyllaryň dowamynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäginde Türkmenistanda iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary hem-de saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen bejeriş edaralarynyň onlarçasy guruldy, ýokary derejeli hünärmenleriň müňlerçesi ýetişdirildi.
Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini, ýagny bir maksatly özara arabaglanyşykly derman we saglyk maksatly serişdeleri öndürýän lukmançylyk edaralary dörediler. Yglan edilen halkara bäsleşiginde Germaniýanyň «Goetzpartners Emerging Markets GmbH» kompaniýasy ýeňiji boldy. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça yglan edilen halkara bäsleşiginde ýeňiji bolan GFR-iň maslahat beriş kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, işlenip taýýarlanylan taslamany ýerine ýetirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşygyň dowamynda alym Arkadagymyz ýurdumyzda daşary ýurtly hünärmenleriň, işewür düzümleriň netijeli iş alyp barmaklary ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigini, türkmen tebigatynda, şol sanda Garagum sährasynda eksport ugurly harytlary öndürmek üçin ägirt uly çig mal serişdeler gorunyň bardygyny belledi. Arkadag şäherinde döwrebap lukmançylyk klasterini döretmek ugrundaky anyk işler halkymyzyň saglygy babatdaky aladalaryň ýene-de bir güwäsi bolup, biziň her birimizi buýsandyrýar.
Döwrümiziň şanyna şan goşýan şeýle asylly işleri üstünlikli durmuşa geçirýän, halkymyzyň asuda, parahat hem abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Käbe KAKAJANOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.