Ýüz­den gow­rak de­ňiz jan­da­ry ta­pyl­dy

56

Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň Gü­nor­ta ada­sy­nyň go­la­ýyn­da­ky Ba­un­ti çu­ku­ryn­da 21 alym­dan yba­rat to­pa­ryň ge­çi­ren bar­la­gyn­da 100-den gow­rak de­ňiz jan­da­ry ýüze çykaryldy. Ola­ryň ara­syn­da ba­lyk­lar, kre­wet­ka­lar we mol­ýus­ka­lar ta­pyl­dy. De­ňiz bio­lo­gy Aleks Ro­jers üs­ti açy­lan jan­dar­la­ryň sa­ny­nyň ýe­ne-de art­ma­gy­na ga­raş­ýan­dyk­la­ry­ny aýd­ýar. Bio­log ýyl­dyz şe­kil­li jan­da­ryň ta­py­lan­dy­gy­ny we onuň en­tek haý­sy uru­ga de­giş­li­di­gi­niň anyk­lan­man­dy­gy­ny, şeý­le hem ba­ly­ga meň­zeş tä­ze jan­dar­la­ryň ta­pyl­ma­gy­nyň haý­ran gal­dy­ry­jy ýag­daý­dy­gy­ny aýd­ýar. Ol de­ňiz ekoul­ga­my­nyň gu­ry ýer­dä­ki te­bi­ga­ta gol­daw ber­ýän­di­gi­ni, şol se­bäp­li has köp mag­lu­mat al­ma­gyň äh­mi­ýet­li­di­gi­ni mä­lim et­di.
Yl­my bar­la­gyň ge­çen aý ama­la aşy­ry­lan­dy­gy mä­lim edil­di. Um­man­lar­da je­mi 2 mil­li­on­dan gow­rak gör­nüş­li jan­da­ryň ýa­şa­ýan­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Ady­bir ada­nyň go­la­ýyn­da­ky çu­ku­ryň çuň­lu­gy 4 müň 800 met­re ýet­ýär. Öň­ki ýyl­lar­da bu ýer­de geo­log­lar yl­my iş­le­ri ge­çi­rip­dir­ler. Ro­jers bu ýe­riň bio­log­lar ta­ra­pyn­dan il­kin­ji ge­zek öw­re­nil­ýän­di­gi­ni aýd­ýar.

Batyr NURBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.