Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine
Toýlary toýlara, baýramlary baýramlara ulaşýan berkarar Watanymyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda her bir günümiz belent sepgitlere, taryhy wakalara, şatlyk-şowhuna beslenýär. Bu gün Türkmenistan Watanymyz dünýäde asudalygy, agzybirligi, dost-doganlygy, parahatçylygy söýüji ýurt hökmünde tanalýar. Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen beýik ösüşler gazanylýar. Bagtyýarlyga beslenen gözel Watanymyz gün-günden ösýär, özgerýär, ýurduň ykdysady ösüşleri täze belentliklere çykýar. Gadymy türkmen topragynda şeýle gysga taryhy döwürde bolup geçen beýik özgertmeler türkmen döwletiniň ägirt uly ykdysady kuwwatyny, halkyň ruhy derejesini, egsilmez döredijilik mümkinçiliklerini tutuş dünýä halklaryna aýdyň görkezýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýöredýän daşary syýasaty dünýä halklarynyň abadançylygyna gönükdirilendir. Munuň özi ygtybarlylygy, açyklygy, howpsuzlygy kepillendirýän hyzmatdaş hökmünde tanalýan Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini has-da beýgeldýär. Bu gün Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesil hakynda uly alada edilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen nesilleriň düzýändigini, olara berkarar Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garalýandygyny nygtamagy ýurdumyzda ýaşlara uly üns berilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmekdir. Ýaşlaryň jemgyýetdäki orny aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şeýle hem halklaryň we döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda ýaşlara uly orun degişlidir. Munuň özi parahatçylygyň we bähbitleriň hatyrasyna halklaryň we döwletleriň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygyň kemala gelmegine gönükdirilen täze mazmunly gatnaşyklary gözläp tapmaga uly mümkinçilik berýär. Halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmegiň ýene-de bir ähmiýetli tarapy ýaşlaryň ylymda, bilimde, sportda, tehnologiýada we beýleki ugurlarda aýakdaş gitmegini gazanmakdyr.
Mälim bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň goşulmagy hem türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygyndaky ornuny has-da berkitdi.
Ýurdumyzda ýaşlar jemgyýetiň iň işjeň we başarjaň bölegidir. Şu nukdaýnazardan olaryň ylymly-bilimli, terbiýeli, hünärine ezber bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär we kanuny esasda kepillendirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda «Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär» diýlip bellenilýär. Şeýle-de, «Hossarlyk we howandarlyk hakynda», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Bilim hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hereket edýär.
Ýaşlar ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň kuwwatyny artdyrmaga öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu ugurda hereket edýän milli kanunçylyk esasynda amala aşyrylýar. Häzirki döwürde ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde uly işler amala aşyrylýar we geljekde-de has amatly şertleri döretmek göz öňünde tutulýar. Döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagy üçin zerur bolan şertleriň ählisi meýilleşdirilýär.
Bagtyýar ALLOWOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň talyby.