Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlary bilen başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän işler rowaçlyklara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 56-njy maddasynda: «Döwlet ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýär» diýlip beýan edilýär. Baş Kanunymyza esaslanýan «Medeniýet hakynda», «Atçylyk we atly sport hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda», «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda», «Teatr we teatr işi hakynda», «Sirk we sirk sungaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary asyrlardan gözbaş alýan medeniýetimizi, taryhy-medeni mirasymyzy aýap saklamagyň, dünýä ýaýmagyň hukuk binýady bolup hereket edýär. Bu bolsa türkmeniň döwletlilik ýolunyň mizemez ýörelgelerini, milli medeniýetini, sungatyny, medeni mirasyny, milliliklerini goramagyň hem-de bu ugurda döwlet goldawynyň konstitusion esasy bolup durýar. Bu Kanunlar halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda döwrüň talabyna görä milli ruhda kämilleşdirilýär, döwrebaplaşdyrylýar.
Häzirki wagtda milli medeniýetimiziň bir şahasy bolan sirk sungatynyň kämil kanunçylyk binýady döredilip, ýurdumyzda bu ugurda uly üstünlikler gazanyldy. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen kabul edilen «Sirk we sirk sungaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär. Sirk we sirk sungaty babatynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanyp, «Sirk we sirk sungaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. Bu Kanun sirk işi we sirk sungaty babatda döwlet syýasatynyň hukuk, durmuş-ykdysady esaslarynyň döwlet tarapyndan goldanylmagynyň görnüşlerini kesgitleýär, sirk tomaşalarynyň döredilmegi, köpçülige görkezilmegi bilen bagly ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär, şeýle hem raýatlaryň estetiki terbiýesine, olaryň sirk sungaty babatda döredijilik isleglerini kanagatlandyrmaga we bähbitlerini goramaga gönükdirilýär.
«Sirk we sirk sungaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasynda bu Kanunyň maksatlary üçin ulanylýan adalgalara giňişleýin düşündirişler berilýär. Kanunyň 3-nji maddasynda Sirk we sirk sungaty hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň maksatlary we wezipeleri beýan edilýär. Ýurdumyzda sirk işiniň häzirki döwrüň talaplaryna, şertlerine laýyklykda netijeli hereket etmegi we ösmegi üçin kadalaşdyryjy hukuk şertleriniň döredilmegini üpjün etmek bu Kanunyň baş maksady bolup durýar. Milli medeniýetiň aýrylmaz bölegi bolan sirk we sirk sungaty babatda döwlet syýasatynyň ýörelgeleri, esasy ugurlary Kanunyň 4-nji maddasynda öz beýanyny tapýar. Döwletiň medeniýetiniň düzüm bölegi bolan sirk işi babatda döwlet syýasaty ynsanperwerlik, demokratiýalylyk, umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň ähmiýetliligi, döredijilik erkinligi, sirk sungatynyň ählumumy elýeterliligi ýaly ýörelgelere esaslanýar. Bu maddada sirk işi babatda döwlet syýasatynyň esasy on üç ugry, şeýle hem sirk işine goldaw bermek boýunça döwlet syýasatyna esaslanýan bäş ugry beýan edilendir. Milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk we wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dini garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara garamazdan, türkmen halkynyň medeni gymmatlygy bolan sirk sungatyna elýeterlilik, ýagny sirk oýunlaryna tomaşa etmek hukugyna ähli raýatlaryň eýedigi Kanunyň 5-nji maddasynda berkidilýär.
Kanunyň 2-nji babynda sirk işi babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklary kesgitlenilýär. Kanunyň 3-nji babynda sirkiň hukuk ýagdaýy, sirk işiniň maksatlary, esasy görnüşleri, sirk işiniň guralmagy, sirkiň hukuklary we borçlary, sirkiň öz nyşanyna bolan hukugy, sirk işi amala aşyrylanda raýatlaryň saglygyny goramak düzgünleriniň berjaý edilişi baradaky kadalar öz beýanyny tapýar. Mundan başga-da, Kanunyň 4-nji babynda sirkleriň döredilmegi, döwlet belligine alynmagy, üýtgedilip guralmagy we işiniň bes edilmegi, 5-nji babynda sirkleriň döredijilik işgärleri, olaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygy, 6-njy babynda sirk eserine bolan emläk we şahsy emläkleýin däl hukuklar, 7-nji babynda sirkleriň işiniň maliýe, maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi, 8-nji babynda bolsa sirkleriň halkara we daşary ykdysady işi bilen bagly kadalar beýan edilýär.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli medeniýeti, asylly ýörelgeleri bar. Müňýyllyklardan gözbaş alýan gymmatlyklarymyz bolan ajaýyp halylarymyz, bedew atlarymyz, edermen alabaý itlerimiz dünýäde türkmeni millet hökmünde tanadýan milli buýsanjymyzdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Arşyň nepisligi», «Gadamy batly bedew», «Türkmen alabaýy» atly eserlerini okanyňda, türkmen halkynyň millilikleriniň kämillik derejesinde biziň günlerimize ýetirilendigine has içgin düşünýärsiň.
Gahryman Arkadagymyz türkmen milliliklerini dikeltmekde, dünýä ýaýmakda beýik işleri bitiren Şahsyýet,
biziň her birimiz üçin nusgalyk görelde mekdebidir.
Gahryman Arkadagymyzyň şeýle beýik işleriniň biri hem 2007-nji ýylda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyny döredip bermegidir. «Galkynyş» toparynyň at üstünde ýerine ýetirýän akrobatika we gimnastika tilsimleri, bedewlere ussatlyk bilen erk etmek, at çapmak sungatynyň ýokary derejesini görkezýän çykyşlary milli sirk sungatymyzyň özboluşly aýratynlygydyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň şeýle özboluşly aýratynlygy bolan at çapmak sungatynyň ýokary derejesini görkezýän çykyşlaryny abraýly halkara ýaryşlarynda birnäçe gezek baş baýraga mynasyp bolmagy bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýäde giňden dabaralandyrýandygynyň güwäsidir.
Mälim bolşy ýaly, Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 48-nji halkara sirk sungaty festiwaly geçirildi. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň ýolbaşçylary oňa hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, ýurdumyza wekilçilik etdiler. Bu halkara festiwalyň çäklerinde geçirilen dabaraly çärede «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy, şeýle-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy eziz Diýarymyzda sirk sungatyny ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň ajaýyp netijesi bolup, Türkmenistanda sirk sungatynda ýetilen sepgitleriň dünýäde ykrar edilýändigini görkezýär.
Geljek aýda, has takygy 4–6-njy sentýabrda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherindäki «Peelbergen» halkara atçylyk merkezinde ahalteke bedewleriniň atly sport we gözellik bäsleşigi boýunça Dünýä çempionaty geçirilýär. Bu abraýly halkara çäre «Türkmen atlary» döwlet birleşigi we Ahalteke atlarynyň Ýewropa assosiasiýasy tarapyndan guralýar. Bu halkara bäsleşige ýurdumyzyň atşynaslary häzirden uly taýýarlyk görýärler.
Ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek we milli atşynaslygyň däplerini dünýä ýaýmak, bu ugurda ýaşlarymyza döwrebap bilim bermek boýunça işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda atçylyk pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagy, bu hünärmenleriň alan bilimlerini ylmy esasda kämilleşdirmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi, Arkadag şäherinde halkara ölçeglerine laýyk gelýän Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, şeýle hem 1500 tomaşaça niýetlenen Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň hereket etmegi, atşynaslar üçin döredilen mümkinçilikler, welaýat merkezlerinde hereket edýän atçylyk toplumlary hem tassyklaýar.
Ata Watanymyzda milli guwanjymyz bolan meşhur behişdi bedewlerimiziň ösdürilip ýetişdirilmegi, atşynaslaryň, hünärmenleriň döwrebap şertlerde zähmet çekmegi, milli atçylyk sungatymyzyň ösdürilmegi babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen atçylyk pudagynda netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2010-njy ýylda döredilen, baş edarasy paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna uly orun degişlidir.
Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orun almagy täze taryhy döwürde atçylygyň gadymdan gelýän milli däpleriniň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.
Halkymyzyň milli medeniýetini, sungatyny dünýäde dabaralandyrýan we kanunçylyk esaslaryny kämilleşdirmäge ajaýyp şertler hem-de mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Nepes Rozyýew,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
PDF








