Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eýýamynyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hormatly Prezidentimiziň baş­lan­gyç­la­ry­nyň we taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak, san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­mek, yk­dy­sa­dy ösü­şiň kö­pu­gur­ly­ly­gy­ny ga­zan­mak ba­ba­tyn­da düýp­li öňe­gi­diş­lik­ler bi­len bir­lik­de halk hä­ki­mi­ýe­ti­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Türk­men hal­ky­nyň döw­let gur­lu­şy ba­bat­da köp asyr­lyk ta­ry­hyn­da top­lan tej­ri­be­si­ni hem­me­ta­rap­la­ýyn na­za­ra alyp, yg­ty­ýar­ly jem­gy­ýet­çi­lik we­kil­le­ri bi­len äh­li­halk ýyg­nak­la­ry­ny ge­çi­rip, iň wa­jyp sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, dur­muş me­se­le­le­ri­ni çöz­mek ba­ra­da­ky asyl­ly däp­ler­den ugur alyp we umu­my yk­rar edi­len de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­re eýe­rip, şeý­le hem ila­tyň giň gat­lak­la­ry­nyň mö­hüm jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi­ne gat­naş­ma­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy – Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty dö­re­dil­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ga­za­nan­la­ry­ny has-da ber­kit­mek, ýur­du­my­zy ösü­şiň has ýo­ka­ry de­re­je­le­ri­ne çy­kar­mak üçin äh­li­halk he­re­ke­ti­ni ýaý­baň­lan­dyr­mak, jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy, dur­muş-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer we ka­nun­çy­lyk-hu­kuk ul­gam­laryn­da tä­ze sep­git­le­re ýe­tir­mek, iň tä­ze ta­ry­hy­myz­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri wa­gyz et­mek mak­sa­dy bi­len dö­re­di­len bu ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra hal­ky­my­zyň ta­ryh­dan öz göz­ba­şy­ny alyp gaýd­ýan mas­la­hat­laş­mak dä­bi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 34 ýyl­­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­en umu­my­mil­li fo­rum­da Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man
Ser­da­ry­myz: «Wa­ta­ny­my­zyň, eziz hal­ky­my­zyň mer­te­be­si­ni, ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gal­dyr­mak bi­ziň baş mak­sa­dy­myz­dyr. Şo­ňa gö­rä-de, äh­li ta­gal­la­la­ry­my­zy Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­zi mun­dan beý­läk hem gül­le­dip ös­dür­mä­ge, mer­da­na hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­dir­me­li­di­ris» di­ýip nyg­ta­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslahatynyň baş mak­sa­dy we esa­sy we­zi­pe­le­ri döw­let äh­mi­ýet­li me­se­le­le­ri çöz­mä­ge, ýur­du­myz­da öz­gert­me­le­riň we dur­muş-yk­dy­sa­dy mak­sat­na­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne halk köp­çü­li­gi­ni giň­den çek­mek, tek­lip­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak, mas­la­hat­la­ry ber­mek, hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni, bi­te­wü­li­gi­ni, je­bis­li­gi­ni, asu­da­ly­gy­ny, aba­dan­çy­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge hem-de Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň tä­ze dö­wür­de be­ýik öz­ge­riş­ler ýo­ly bi­len dep­gin­li ös­me­gi­ne, has-da kuw­wat­lan­ma­gy­na ýar­dam ber­mek, hyz­mat et­mek bo­lup dur­ýar. Şu ýyl Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 35 ýyl­lyk baý­ram­çy­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da – 23-nji sent­ýabr­da Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Mas­la­hat köş­gün­de ge­çi­ri­ler. Oňa taý­ýar­lyk iş­le­ri döw­let eda­ra­la­ry­nyň, ýer­li do­lan­dy­ryş dü­züm­le­ri­niň we jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň öza­ra ut­ga­şyk­ly hyz­mat­daş­ly­gy esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ýar. Bu mas­la­ha­tyň mil­li ösü­şiň tä­ze tap­gyr­la­ry­ny kes­git­le­mä­ge, döw­let do­lan­dy­ry­şy­ny has-da kä­mil­leş­dir­mä­ge we jem­gy­ýet­çi­lik je­bis­li­gi­ni pug­ta­lan­dyr­ma­ga go­şant goş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.
Her bir gü­ni ta­ry­hyň sa­hy­pa­la­ry­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­ýan şan­ly ýy­ly­myz­da be­ýik ösüş­le­ri­mi­ziň äh­li­si hal­ky­my­zyň aba­dan hem bo­le­lin, er­kin hem pa­ra­hat dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­nyň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Goý, hal­ky­my­zy bagt­ly gel­je­ge alyp bar­ýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun! Halk üçin, Wa­tan üçin, eş­ret­li dö­wür üçin yh­las siň­di­rip, dur­mu­şa ge­çir­ýän tu­tum­ly iş­le­ri mun­dan beý­läk hem ro­waç al­syn!

Çynar Orazowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.