Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň iň möhüm we taryhy wakalarynyň biri boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine uly taýýarlyk görülýär. Bu parlamentara we halk häkimiýetliliginiň ýokary edarasy bolan Halk Maslahaty döwletimiziň içerki hem-de daşarky syýasatynyň iň wajyp meselelerini maslahatlaşmakda, ilatymyzyň agzybirligini berkitmekde we milli demokratiýany ösdürmekde bagtyýar geljegimize tarap ynamly ädimdir.
Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan milli döwletlilik däpleri, il-gün bilen maslahatlaşyp iş görmek ýörelgesi şu günki gün täze mazmun bilen baýlaşdyryldy. Halk Maslahaty diňe bir meýilnamalary we taslamalary tassyklamak bilen çäklenmän, eýsem, halkyň sesini, isleg-arzuwlaryny döwlet derejesine ýetirýän halkyň hakyky geňeşidir.
Mejlisiň gün tertibinde milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgamy ähli pudaklara ornaşdyrmak, ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny kämilleşdirmek hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini ýokarlandyrmak ýaly wajyp ugurlar göz öňünde tutulýar.
Döwletimiziň strategik maksatlarynyň amala aşyrylmagynda Halk Maslahatynyň kabul edýän çözgütleri aýratyn orna eýedir. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, önümçilik we senagat kuwwatynyň artdyrylmagy, oba hojalygynda täze tehnologiýalaryň peýdalanylmagy Watanymyzyň ykdysady kuwwatlyk binýadyny has-da pugtalandyrýar. Bu özgerişler ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge we ýaşlaryň amala aşyrýan ylmy-döredijilik taslamalaryny goldamaga gönükdirilendir.
Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilmegi däbe öwrülen bu maslahat – agzybir halkymyzyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň beýik geljegine bolan ynamynyň kämil binýadydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatyna tarap barýan bu ýolumyz parahatçylygyň, durnuklylygyň, ösüşiň we agzybirligiň dabaralanýan aýdyň ýoludyr. Döwletimiziň milli bähbitlerine, ilatymyzyň bagtyýar durmuşyna hyzmat etjek taryhy çözgütleriň kabul edilmegi bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi berkarar döwletimiziň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazylar.
Milli demokratiýanyň we döwletlilik däplerimiziň dabaralanmagynda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagynda, il-günümiziň agzybir hem parahat durmuşda ýaşamagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary durýar. Halkyň bähbitlerini hemme zatdan ýokary tutup, berkarar döwletimizi beýik ösüşlere alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun!
Nurmuhammet Japarow,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.
PDF








