Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da tem­mä­kä gar­şy gö­reş­de gör­ne­tin üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­dy. Soň­ky 7 ýy­lyň do­wa­myn­da ýurt­da çi­lim çek­ýän­le­riň sa­ny 21 gö­te­rim azal­dy. De­giş­li dö­wür­de çi­li­miň söw­da­sy 30 gö­te­rim pe­sel­di. Bu ba­ra­da Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy ha­bar ber­ýär.
XXI asy­ryň baş­la­ryn­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy dün­ýä­de çi­lim çek­mek ba­bat­da iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­li ýurt­la­ryň ha­ta­ryn­da dur­ýar­dy. Ýurt­da uly ýaş­ly adam­la­ryň 40 gö­te­ri­mi çi­lim çek­ýär­di.
2008-nji ýyl­da Rus­si­ýa Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň tem­mä­kä gar­şy gö­reş ha­kyn­daky Çar­çu­wa­ly Kon­wen­si­ýa­sy­ny tas­syk­la­dy. Şon­dan bä­ri ýurt­da çi­lim­keş­li­ge gar­şy aý­gyt­ly gö­reş al­nyp ba­ryl­ýar. Ol hem çi­lim­keş­le­riň sa­ny­nyň ep-es­li de­re­je­de azal­ma­gy­na ge­tir­di. 2013-nji ýyl­da Rus­si­ýa­da tem­mä­kä gar­şy gö­re­şi has-da güýç­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len bir­nä­çe ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry ka­bul edil­di. Eý­ýäm 2014-nji ýyl­da tu­tuş ýurt­da tem­mä­ki­niň söw­da­sy gör­ne­tin azal­dy. Tä­ze ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, jem­gy­ýet­çi­lik ýer­le­rin­de çi­lim çek­mek düý­bün­den ga­da­gan edil­di, tem­mä­ki­niň ma­ha­bat­lan­dy­ryl­ma­gy­na rug­sat be­ril­me­ýär hem-de her ýyl tem­mä­ki önüm­le­ri­niň nyrh­la­ry ýo­kar­lan­dy­ryl­ýar.