Günorta Amerika yklymyna Ýewropalylar aralaşmazdan ozal hem Amazonka derýasynyň kenarynda şalyçylyk bilen meşgullanylýan eken. Ýerli daýhanlar 4000 ýyl mundan ozal hem ol ýerde şaly ekip, ekerançylyga uly üns beripdirler. Bu barada “Nature Ecology & Evolution” žurnalynyň ylmy barlaglarynyň netijesinde bellenip geçilýär.
Ýer şarynyň dürli sebitlerinde şaly esasy oba hojalyk ekinleriniň biri hasaplanýar. Häzirki Hytaýyň çäginde 10 müň ýyl mundan ozal, Günbatar Afrikada bolsa, 2 müň ýyl mundan ozal şaly ekilipdir. Arheologlaryň Braziliýanyň Rondoniýa ştatynyň Guapore derýasynyň kenaryndaky sebitlerinde alyp barýan gazuw-agtaryş işleriniň netijesine görä, tüwiniň käbir görnüşleriniň galyndylarynyň üstünden baryldy. Ylmy barlaglara görä, ýerli daýhanlaryň ir döwürlerde oba hojalyk ekininiň bu görnüşini ösdürip ýetişdirendikleri mälim edildi.
– Bu Günorta Amerikada şalynyň ösdürilip ýetişdirilendigi hem-de onuň iýmit hökmünde ulanylandygy baradaky ilkinji seljermedir – diýip, Ekserter uniwersitetiniň alymy Hose Iriarte gürrüň berýär. Mundan başga-da, bu sebitiň ýaşaýjylary mekgejöwen, palma agajynyň iýmişleri, gabak we beýleki iýmişler bilen iýmitlenipdirler.