1958-nji ýylyň 17-nji martynda ABŞ Gün paneli oturdylan ilkinji emeli hemrany orbita uçurýar. “Vanguard 1” atly bu emeli hemra Sowet Soýuzynyň “Sputnik 1”, “Sputnik 2” hem-de ABŞ-nyň “Explorer 1” emeli hemrasyndan soňra kosmosa çykarylan dördünji emeli hemradyr. Kosmos enjamy bilen 1964-nji ýylda aragatnaşyk kesilýär. Şeýle-de bolsa, ol häzirki wagtda hem orbitadaky aýlawyny dowam etdirýän iň gadymy jisimdir. Ululygy gawun ýalyrak bolan emeli hemranyň agramy 1,5 kilogramdan hem az.
Häzirki wagtda kosmos giňişligine we asman jisimlerine ugradylýan emeli hemralar, beketler we robotlar ýaly enjamlaryň köpüsinde Gün paneli bar.