Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyza, ýol-ýörelgelerimize uly sarpa goýýar. Külli musulman ymmaty üçin aýlaryň serweri, her bir adamyň ýagşy umyt-arzuwlar, päklik bilen garşylaýan Oraza aýy dowam edýär.
Oraza aýy dost-doganlygy, päkligi, ynsanperwerligi, sahawatlylygy hemişe ýörelge edinen ata-babalarymyzdan şu günki güne gelip ýeten mukaddes däp-dessurlaryň rowaçlanýan, beden hem ruhy taýdan päklenmegiň keremli aýy hasaplanypdyr. Bu mübärek aýda halkymyz tarapyndan agyz beklenip, tagat-ybadatlar amal edilýär, agzaçar sadakalary berilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda bellenilişi ýaly, Oraza aýy ýaramaz häsiýetlerden uzaklaşyp, peýdaly endikleri gazanmagyň aýydyr.
Oraza tutýan adam iýmitlenmekden saklanyşy ýaly, ýaramaz häsiýetlerden, biweç endiklerden hem gaça durmagy zerurlyk hasaplaýar. Orazanyň ýene-de bir özboluşly taraplarynyň biri «agyz açdyrmak» dessurydyr. Oňa ilimizde «agzaçar» diýilýär. Oraza tutýanlaryň birnäçesini öýüne çagyryp, bir saçagyň başyna üýşürmek sogap saýylýar.
Oraza tutmak ynsanlara ybadaty berjaý etmegi, şepagatly bolmagy ündeýär, nebsine buýurmaga, ýaramaz endiklerden saklanmaga kömek edýär. Aslynda, adamlar bütin ýylyň dowamynda bolluk bilen iýip-içip ýaşaýarlar. Pygamberimiz hadyslarynda: «Oraza tutuň, bedeniňiz berk we sagdyn bolsun!» diýipdir. Oraza kalbyň, bedeniň, ýagşy edep-ekramly bolmagyň tebibidir.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem oraza tutmagyň ähmiýetini goşgy setirlerinde belläp geçipdir. Onda şeýle beýan edilýär:
Magtymguly terk eýleme edasyn,
Terk eýleseň – tutawergil kazasyn,
Magnysyna ýetip bilseň mazasyn,
Ajap içre, ajap kärdir bu roza.
Bu mukaddes aý dilegleriň kabul bolýan aýydyr. Oraza aýynda dünýä ýüzüniň ähli musulmanlaryna ýagşylyk, eziz Watanymyza täze sepgitlere ýetmegi, halkymyza agzybirlik, türkmen halkynyň Milli Lideri hajy Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny Beýik Allatagaladan dileg edýäris.
Arslan HOJAÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.