Russiýanyň “Soýuz MS-25” kosmos gämisi Gazagystanyň Baýkoňyr kosmodromyndan uçuryldy. Kosmos gämisinde Russiýadan Oleg Nowiskiý, ABŞ-dan Treýsi Daýson we mundan ozal “Belavia” awiakompaniýasynda uçarbelet bolup işlän Marina Wasilýewskaýa bar. Russiýanyň Federal kosmos agentligi (Roskosmos) ilkinji belarus kosmonawty Wasilýewskaýanyň, rus kosmonawty Nowiskiniň we amerikan astronawty Lorel O’Haranyň 12 günden soňra, 6-njy aprelde güni “Soyuz MS-24” kosmos gämisi bilen yzyna gaýtjakdygy mälim edildi. Daýson bolsa, Halkara kosmos bekedinde 184 gün bolar. Daýson rus kosmonawty Oleg Konenko hem-de Nikolaý Çub sentýabr aýynda “Soyuz MS-25 kosmos gämisi bilen yzyna dolanar.
1990-njy ýylda dünýä inen Wasilýewskaýa Belarusuň ilkinji kosmonawty adyna eýe boldy. Şeýlelikde, bu ýurtda ilkinji kosmonawt bolmak bagty bir zenana miýesser etdi. Ol ekipažyň iň ýaş agzasy.
Nowiskiý 1971-nji ýylda Belarusuň paýtagty Minskiniň golaýynda dünýä inýär. Häzirki wagtda Russiýanyň raýaty bolan tejribeli kosmonawt birnäçe gezek kosmos bekedinde bolupdy. Ol “Soýuz MS-18” kosmos gämisi bilen 2021-nji ýylyň aprelinde Halkara kosmos bekedine çykýar. Şol ýylyň sentýabrynda bolsa, kosmosda düşüren ilkinji film bolan “Çagyryşyň” režissýory Klim Şipenko hem-de aktrisa Ýuliýa Peresild bilen yzyna dolanýar.
NASA-nyň zenan astronawty Treýsi Daýsonyň käri himik bolup, üçünji gezek kosmosa çykdy. Ol ilkinji gezek 2007-nji ýylda “Endeavour” şattly bilen Halkara kosmos bekedine çykyp, 12 gün bolupdy. Soňra bolsa, 2010-njy ýylyň aprel-sentýabr aýlary aralygynda Halkara kosmos bekediniň 23-nji we 24-nji uzakmöhletli ekipažy bolupdy.
“Soýuz MS-25” 21-nji martda uçurylmalydy. Emma uçuşa 20 sekunt galanda, ýüze çykan tehniki näsazlyk sebäpli uçuş iki gün yza süýşürilipdi.
Rus kosmonawtlary Konenenko, Çub hem-de NASA-dan Lorel O’Hara geçen ýylyň 15-nji sentýabrynda “Soýuz MS-24” kosmos gämisi bilen Halkara kosmos bekedine uçurylypdy.