Figuralaýyn typmak boýunça Kanadanyň Monreal şäherinde geçirilen Dünýä çempionaty tamamlandy.

Çempionatda erkekleriň arasynda ýekeleýin ýaryşda amerikaly Ilia Malinin altyn medala mynasyp boldy. Asly rus bolan türgen geçen ýyl bürünç medal gazanypdy. Ol 333,76 utuk bilen ýaponiýaly Ýuma Kagiýamadan hem-de fransiýaly Adam Siao Him Fadan öňe saýlandy. Kagiýama 2021-nji we 2022-nji ýyllardan soň 3-nji gezek kümüş medala mynasyp boldy.

Zenanlaryň arasyndaky ýaryşda çempion üýtgemän soňky 2 ýylyň çempiony ýaponiýaly Kaori Sakamoto bassyr 3-nji altyn medalyny gazandy. Erkin typmakda has şowly çykyş eden 23 ýaşyndaky Sakamoto umumylykda 222,96 utuk toplady. Skamatoto soňky 56 ýylda zenanlaryň arasynda yzly-yzyna 3 gezek çempionlyk gazanan ilkinji türgen boldy. Sakamotodan öň amerikaly Peggi Fleming 1966-67-68-nji ýyllarda yzly-yzyna 3 çempionlyk gazanypdy. Zenanlaryň arasynda amerikaly Izabo Lewito 2-nji, koreýaly Kim Çheýon 3-nji orny eýeledi. Ýewropanyň çempiony, soňky 2 Dünýä çempionatynda-da degişlilikde, 2-3-nji orunlary eýelän belgiýaly Luna Hendriks bu sapar 4-njilik bilen oňňut etmeli boldy.

Jübütleriň arasynda ýer eýeleri Kanadanyň türgenleri Dianna Stellato-Dudek bilen Maksim Deşam ikisi altyn medal gazandy. Geçen ýyl altyn medal gazanan ýaponiýaly jübüt Riku Miura bilen Rýuiçi Kihara 2-nji, germaniýaly Minerwa Fabinne Haze Nikita Wolodin 3-nji orny eýeledi. Miura bilen Kihara 2022-nji ýylda-da kümüş medal gazanypdy.

Buzda tans ýaryşynda-da amerikaly Medison Çok bilen Ewan Beýts ikisi bassyr 2-nji altyn medallaryny boýunlaryna dakdylar. Kümüş medala kanadalylar – Gilles Paýper bilen Pol Pwarýe ikisi, bürünç medala-da italiýaly Şarlen Ginýar bilen Marko Fabbri mynasyp boldy. Geçen ýyl Paýper bilen Pwarýe 3-nji, Ýewropanyň soňky 2 ýylynyň çempionlary Ginýar bilen Fabbri bolsa 2-nji ýeri eýeläpdi.

Çempionat geljek ýyl ABŞ-nyň Boston şäherinde geçiriler.