Dünýä futbolynyň super ýyldyzlarynyň biri bolan Kristiano Ronaldonyň ultra lýuks ulaglary halaýandygyny bilmeýänler az-azdyr. Portugaliýaly oýunçy golaýda öz ýurdunda täze ulagy bilen görüldi. Onuň täze ulagy “Ferrari Daytona SP3” bolup, onuň bahasy 2,5 million ýewro deňdir. Bu ulagdan 599 sanysy öndürilip, ol 840 at güýjünde bolup, 0-dan 100 kilometre 2,85 sekuntda çykyp bilýär.