Germaniýanyň Kubogy ýaryşynyň finalynda “Kaizerslautern” bilen “Baýer” toparlary duşuşarlar. “Kaizerslautern” topary ýarym finalda mundan öňki tapgyrlarda degişlilikde, “Bawariýa”, “Aýntraht”, “Borussiýa M” toparlaryny ýaryşdan çykan 3-nji liganyň kluby “Saarbrukken” toparyny 2-0 hasabynda ýeňdi. 21 ýyldan soň finala çykan “Kaizerslauterniň” finaldaky bäsdeşi “Baýer” topary ýarym finalda “Fortuna Düsseldorf” toparyny 4-0 hasabynda utdy. Ýeňilmezlik seriýasy 40 oýna çykan we 5-nji sapar finalda oýnamaga hukuk gazanan “Baýeriň” gollaryny Frimpong (7), Adli (20) hem-de Wirts (36, 60 p) geçirdi. Final duşuşygy 25-nji maýda Berlinde geçiriler.