Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleri netijesinde sagdyn durmuş ýörelgesi işjeň ýaýbaňlandyrylýar. Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde saklanýar. Üstünlikleriň we özgerişlikleriň gözbaşy mähriban halkymyzyň her bir raýatynyň sagdynlygynda we ruhubelentligindedir. Sagdynlygy hem-de ruhubelentligi berkarar etmegiň ilkinji şerti hökmünde sporty, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek möhüm bolup durýar. Sagdyn durmuşyň tarapdary milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan halkara sport hyzmatdaşlygynyň mekany hökmünde özüni dünýä tanatmagy başardy. Soňky ýyllarda türkmen türgenleriniň gazanýan beýik ýeňişleri, görkezýän ýokary netijeleri muny doly tassyklaýar. Eziz Diýarymyzda kämil türgenleri taýýarlamak, olarda maksadaokgunlylyk, işjeňlik, erjellik we ýeňşe bolan ynamlylyk ýaly häsiýetleri kemala getirmek meselelerine uly üns berilýär.
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabatda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda halkara ýaryşlarda altyn medallara mynasyp bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sylaglamak dabarasy geçiriler. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ikinji we üçünji orunlary eýelän türgenler sylaglanar. Bu barada 29-njy martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berildi.
Ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen sport desgalarynyň sany ýylsaýyn artýar, ýokary derejeli sport düzümleri kemala gelýär. Şol ajaýyp desgalarda sportuň ähli görnüşleri bilen birlikde welosiped sportunyň ösmegine gönükdirilen bäsleşikler, türgenleşikler hem yzygiderli geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, welosiped sürmek ynsan saglygyna oňyn täsir edýän sportuň netijeli görnüşi bolup durýar. Ol adam bedeniniň kämilleşmegine we kesellere garşy durmagyna ýardam berýär.
Welosiped sürlende, beden süňkleri we myşsalary işjeň herekete gelýär. Ol ýürek-damar, dem alyş ulgamyny we aýak myşsalaryny berkidýär. Welosipedi ilki bilen haýal tizlikde sürüp, soňra kem-kemden tizligi artdyrmaly. Ir säher we agşamara welosiped sürmek has-da peýdalydyr.
Saglyk – adamyň baş baýlygy. Şonuň üçin sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek biziň ýaşaýşymyza lezzet berip, janymyzyň sag, keýpimiziň çag bolmagyna mümkinçilik döredýär.
Halkymyzyň saglygyny ähli zatdan öňde goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Döwran ANNANEPESOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.