SANY hytaý kompaniýasy infrastrukturany goldamak üçin Türkmenistana 25 sany ýük ulagyny iberdi diýip, kompaniýanyň saýtynda habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, bu tapgyrda ugradylan ulaglar Köýtendagda täze işe girizilen “Lebap” sement zawodynyň ulanylar. Ýylda bir million tonna sement öndürmäge niýetlenen Lebap sement zawodynyň dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň kämil, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryny ulanýandygyny bellemelidiris. Öndüriji kompaniýasynyň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, SANY kompaniýasynyň “SYZ320C-8Y” ýük ulaglarynyň bu taslamada peýdalanylmagy gurluşyk we logistika amallarynyň netijeliligini hem-de ygtybarlylygyny ýokarlandyrar. Bu ýük ulaglary uzakmöhletliligi we öndürijiligi bilen tapawutlanýar.
Çeşme: awtoulag.gov.tm