Londonda 2 müň inedördül metrlik ekranda gülleriň sanly sergisi geçirildi. Ýokary durulykdaky LED wideoşekiller arkaly görkezilýän gülleri göreniňde özüňi başga bir dünýäde ýaly duýýarsyň. Dört gatly “The Now Building” binasynyň daşyndaky ekranlarda görkezilen güller we ýapraklar baharyň gelmegini buşlaýar. Bu ýere gelen myhmanlar agaçlaryň nädip gül açýandygyny we ýapraklaryň nähili ulalýandygyny has gowy görüp bilýärler. Şeýle hem 20-nji aprel güni myhmanlar bu ýerde agaç nahallaryny oturmak üçin alnyp barylýan kampaniýa öz goşantlaryny goşup bilerler. “Bir agaç ek” atly kampaniýanyň çäklerinde Angliýada 2030-njy ýyla çenli jemi 20 million agaç nahalynyň oturdylmagy göz öňünde tutulýar. Olaryň 4 milliony gül açýan agaçlar bolar.

Ogulsenem Öwlýakulowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.