Mundan 23 ýyl ozal şu gün, ýagny 2001-nji ýylyň 11-nji aprelinde taryhy waka, has takygy, futbolda taryhy rekord hasaba alynýar. FIFA 2002 Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäginde Okeaniýa zolagynda çykyş edýän ýygyndylaryň arasyndaky duşuşykda rekord peýda bolýar. Awstraliýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Amerikan Samoasynyň ýygyndysyny 31-0 hasabynda ýeňlişe sezewar edýär. Bu hasap futbolyň taryhynda milli ýygyndylaryň arasyndaky resmi duşuşyklarda iň uly netije hökmünde bellige alynýar. Duşuşykda 13 gol geçiren Arçi Tompson bolsa milli ýygyndylaryň arasyndaky bir duşuşykda iň köp tapawutlanan oýunçy bolýar. Duşuşykda Dewid Zdriliç bolsa 8 goly derwezä girizýär.