Döwletimiziň toý-baýramlary bu ýyl hem goşa-goşadan gelýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde dabaraly belleýäris. Gadymy Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Bular, hakykatdan hem, tutuş dünýäniň ünsüni özüne çekýän wakalardyr.
TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, bu topragyň dünýä derejesinde belli açyşlaryň mekany bolandygyndan habar berýär. Taryhda «Änew medeniýeti» ady bilen belli bolan bu gadymy mekanda dürli döwürlere degişli tapyndylar bilermenleriň ünsüni özüne çekýär. Sebäbi olar özboluşly hem-de gaýtalanmajak çeperçiligi bilen görenleri haýrana goýýar.
Änew medeniýetiniň gadymy taryhyny hormatly Prezidentimiziň golaýda halkymyza peşgeş eden «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitabyndaky: «Änew irki eýýamlardan bäri adamzat ýaşaýşynyň, esasanam, ekerançylyk, daýhançylyk medeniýetiniň ilkinji dörän hem-de ösen merkezleriniň biri bolup durýar» diýen jümle-de subut edýär.
Dünýäniň ekerançylyk medeniýetiniň mekany bolan Änew şäheriniň gadymylygyndan, beýikliginden, häzirki wagtda ýurdumyzda taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýawly saklamak babatda durmuşa geçirilýän iri möçberli işlerden söz açýan täze kitap halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy.
Bilşimiz ýaly, ýakynda gadymy Änew topragynda täze metjidiň açylyşy boldy. Türkmen halkynyň Milli
Lideri Gahryman Arkadagymyz metjidi taryhda şu toprak, sebit üçin wajyp orny bolan ýadygärligiň we ata-babalarymyzyň hormatyna Seýit Jemaleddin diýip atlandyrmak barada döwletli teklibi orta atdy. Halkymyz tarapyndan tüýs ýürekden goldanan bu teklip taryhy kökler bilen şu günüň ruhy birligini, dowamat-dowamlylygyny alamatlandyrdy. Bu wakada Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň «Änew ýaly gadymy mekany, Magtymguly Pyragy ýaly akyldary, ussat şahyry bolan halkyň medeniýetiniň adamzat medeniýetiniň ösüşlerinde uly paýynyň bardygy ikuçsyz hakykatdyr. Biz öz taryhymyza guwanýarys. Şol taryhyň häzirki zamanyň ruhy-medeni gurşawynyň kemala gelmeginde düýpli esas bolýandygyny hem ynamly ykrar edýäris» diýen sözleri durmuş beýanyny tapýar.
Pederlerimiz tarapyndan döredilen Änew medeniýeti müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirilip, nesillerden-nesillere geçirilip gelnipdir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýan edişi ýaly, gadymy Änew adamzat taryhyndaky möhüm merkezleriň biridir. Änew şäheri diňe taryhy bilen däl, eýsem, şu günki ajaýyplygy we uzak geljege gönügen beýik maksatlary bilenem dünýäniň ünsüni özüne çekip bilýär. Ýurdumyzyň ähli künjegi, şol sanda gadymy Ahal topragy hem beýik taryhy ösüşlere baýdyr.
Döwran ANNANEPESOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň mugallymy.