«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergisi we maslahat öz işine başlady

2

Şu gün «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergisiniň we maslahatynyň öz işine başlady. Sergä türkmen we daşary ýurt kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýarlar. Aýdym-saz beslenen açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň sergä hem-de halkara foruma gatnaşyjylara iberen Gutlag haty okaldy. Gutlag hatynda – Milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleri öňdebaryjy gurluşyk tejribesi bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp gurulýan dürli maksatly desgalar we binalar ýokary durmuş şertlerini üpjün etmek bilen bir hatarda, Aşgabadyň täze, döwrebap keşbini emele getirýär. Şol desgalaryň birnäçesi dünýä binagärliginiň ajaýyp täsinligi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizildi – diýlip bellenilýär.


Sergide senagat, gurluşyk, energetika, şäher gurluşygy, tehnologiýalar we hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan 180-den gowrak kompaniýanyň önümleri hem-de döwrebap çözgütleri görkezilýär. Gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistan we türkmen işewürliginiň wekilleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýän öňdebaryjy halkara kompaniýalar bar.


Sergä «Rönesans Holding», «Gap Inşaat», «CAI Interbudmontazh», «Daewoo E&C» ýaly iri halkara kompaniýalar bilen bir hatarda “Eziz Doganlar Keramika”, “Täze Aý”, “Parahat” HK, “Aýdyň Gijeler”, “Ak Bulut” ýaly ýerli brendler hem gatnaşýar. Şeýle hem sergide şäherde dynç alyş-güýmenje, jemgyýetçilik iýmiti ugurlarynda iş alyp barýan “Katmer Premium”, Hezzet, Mado, Kebapçy ýaly restoranlar bar.


Sergi işewürlik gatnaşyklaryny, tejribe alyşmagy ýola goýmaga mümkinçilik döredýär. Bu çäre türkmen telekeçileri üçin öňdebaryjy tehnologiýalar bilen tanyşmaga, täze işewür hyzmatdaşlary tapmaga we daşary ýurtly kompaniýalaryň wekilleri bilen göni hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga ajaýyp mümkinçilikdir.
Serginiň çäklerinde B2B (ikiçäk) görnüşindäki köpsanly işewürlik duşuşyklary, gepleşikler, tanyşdyryşlar we täjirçilik teklipleriniň alşylmagy guralýar.

Sergi 25-nji maýda öz işini tamamlaýar.