Dünýäde bol galla hasyly alnar

1

Halkara Galla Geňeşiniň (IGC) maglumatyna görä, 2025-2026-njy ýylda dünýäde galla hasyly 6% artyp 2,48 milliard tonna ýeter. Bu bolsa, soňky 9 ýyldaky iö ýokary görkezijidir. Esasan hem, mekgejöwen önümçiliginiň artmagyna garaşylýar. Argentinada we Günorta Afrika Respublikasynda alynjak ýokary hasylyň umumy galla önümçiliginiň ýokalanmagyna sebäp boljakdygy bellenildi. Soýa hem dünýäde bolsa hasyly alynýan we iýmit önümçiliginde giňden peýdalanyylýan önüm hasaplanýar. Maglumatda şaly hasylynyň hem artjakdygy bellenilýär. Şu ýyl dünýäde 545 million tonna tüwi öndüriler. Gallanyň bu görnüşi Aziýa ýurtlarynda has köp ekilýär. Netijede gallanyň geljek üçin saklanýan ätiýaçlyk gory hem artar.
Bilermenler ýakyn geljekde guraklyk ýa-da yssy howa akymy ýaly tebigy hadysalar galla üpjünçiliginde bökdençligiň ýüze çykmajakdygyny belleýärler.