Germaniýanyň çempionatynda çempion wagtyndan öň belli boldy. 29-njy tapgyra çempionlykdan 3 utuk uzakda başlan “Baýer” topary öz meýdançasynda “Werderiň” derwezesinden gol baryny ýagdyrdy. Bonifeýsiň, Džakanyň gollary hem-de Wirtsiň het-trigi bilen 5-0 hasabynda ýeňiş gazanan Lewerkuzen şäheriniň “Baýer” topary möwsümiň tamamlanmagyna 5 tapgyr galanda, çempionlygyny yglan etdi. Bu ýeňiş 1904-nji ýylyň 1-nji iýulynda esaslandyrylan klubuň taryhyndaky ilkinji çempionlygydyr. Klub mundan ozal 5 gezek 2-nji ýeri eýeläpdi (1997, 1999, 2000, 2002, 2011). 11 ýyldan bäri çempionlygy özünde saklap gelýän “Bawariýanyň” bu üstünligini soňlandyran “Baýer” topary “Bundesligada” çempionlyk gazanan 13-nji klub hökmünde hasaba alyndy.
29-njy tapgyrda “Bawariýa” “Kölni” 2-0, “Ştutgart” “Aýntrahty” 3-0 hasaplar bilen ýeňdi. Ştutgart toparynda Girassi 25-nji goluny geçirip, bu ugurda klubuň rekordyny täzeledi. Ozalky rekord bir möwsümde 24 gezek tapawutlanan Mario Gomese degişlidi. Iki atdaş toparlaryň duşuşygynda “Borussiýa Dortmund” myhmançylykda “Borussiýa M” toparyny Sabitseriň gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňdi. “Leipsig” bolsa öz meýdançasynda “Wolfsburgyň” derwezesinden jogapsyz 3 gol girizdi.
Augsburg – Union Berlin: 2-0 (Tits 47, Mihel 81),
Bawariýa – Köln: 2-0 (Gerreýro 65, Müller 90+3),
Borussiýa M – Borussiýa D: 1-2 (Weber 36 – Sabitser 22, 28 p),
Bohum – Haýdenhaým: 1-1 (Şlotterbek 90 – Şlotterbek 81 ö.d.),
Maýns – Hoffenhaým: 4-1 (Burkardt 47, Mwene 51, Gruda 63, Onisiwa 89 – Kaderžabek 19),
Leipsig – Wolfsburg: 3-0 (Dani Olmo 13, Şeşko 68, Openda 82),
Ştutgart – Aýntraht: 3-0 (Girassi 11, Undaw 17, Laweling 37),
Darmştadt – Fraýburg: 0-1 (Doan 36),
Baýer – Werder: 5-0 (Bonifeýs 25 p, Džaka 60, Wirts 68, 83, 90)