Moto GP boýunça möwsümiň 3-nji ýaryşy ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Ostin şäherinde geçirildi. 5,5 kilometrlik “Americas” trassasynda geçirilen ýaryşda 20 aýlawy “Aprilia Racing” toparynyň ispan sürüjisi Mawerik Winýales ýeňiş gazandy. Ol 41 minut 9,503 sekuntda pellehana gelip, möwsümdäki ilkinji ýeňşini baýram etdi. Bu onuň Moto GP karýerasy boýunça 10-njy ýeňşi bolup, ol 3 dürli toparda ýeňiş gazanan ilkinji sürüji hökmünde hasaba alyndy. 29 ýaşyndaky pilot 2016-njy ýylda “Suzuki” bilen 1, 2017-2021-nji ýyllar aralygynda-da “Yamaha” bilen 8 “Gran Pride” ýeňiji bolupdy.
Ýaryşda “Red Bull KTM” toparynyň 19 ýaşyndaky ispan sürüjis Pedro Akosta 2-nji ýeri eýeläp, ol ýeňijiden 1,728 sekunt yza galdy. Münberiň 3-nji basgançagyna-da “Ducati Lenovo” toparynyň italýan sürüjisi Enea Bastianini çykdy. Geçirilen 3 ýaryşdan soň “Prima Pramac” toparynyň ispan sürüjisi Horge Martin 80 utuk bilen sanawyň başyny çekip gelýär. Bastianininiň 59, Winýalesiň 56 utugy bar.
Möwsümiň 4-nji ýaryşy 28-nji aprelde Ispaniýanyň Heres şäherinde geçiriler.