Ýurdumyzda halkyň sagdyn ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijesinde bedenterbiýe we sport hereketini ýola goýmagyň täze usullary kemala geldi hem-de şol ugurda halkara hyzmatdaşlygyny alyp barmagyň düýp esasy döredildi. Sport syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda köpugurly stadionlar, bedenterbiýe we sagaldyş toplumlary, aýlawlar, sport mekdepleri we beýleki dürli desgalar guruldy.
Ýurdumyzda türgenlerdir hünärmenleri taýýarlamagyň täze usullary we sport oýunlaryny geçirmegiň tejribesi kämilleşdirildi. Türkmen türgenleri daşary ýurtlarda geçirilýän ýaryşlara işjeň gatnaşyp baýrakly orunlary gazanýarlar.
Ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredildi. Aşgabatda sportuň gyşky görnüşleri boýunça Sport toplumy, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda uly göwrümli buz meýdançalaryndan ybarat bolan köpugurly sport toplumy guruldy. Hokkeý boýunça milli çempionat oýunlary bolsa, indi birnäçe ýyldan bäri geçirilýär, sportuň figuralaýyn buzda typmak we şort-trek ýaly görnüşleri ösdürilýär. Ýeri gelende bellesek, häzirki günlerde paýtagtymyzyň Gyşky oýunlar sport toplumynyň 10 müň orunlyk buz meýdançasynda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryş gyzgalaňly dowam edýär. Oňa Ýewropanyň we Aziýanyň 10 ýurdundan toparlar gatnaşýar.
Halkara derejeli ökde türkmen türgenlerini, ussat tälimçileri we beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça 2021-2025-nji ýyllarda Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň milli maksatnamasynyň, beýleki döwlet maksatnamalarynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Amala aşyrylýan özgertmeler sport ussatlygynyň ýokary derejelere çykmagyna ýardam edýär.
Sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny barha berkitmek maksady bilen we bütindünýä olimpiýa hereketine girişmek üçin Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň sportda doping serişdelerini ulanmaklyga garşy göreşi boýunça Halkara Konwensiýasyny tassyklady, olimpiýa nyşanlaryny gorap saklamak baradaky Naýrobi ylalaşygyna goşuldy, şeýle-de ýurdumyzda Milli antidoping agentligi döredildi.
Milli sport ulgamynda uly özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde, öz üstünlikleri bilen ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da belende götermäge taýýar zehinli ýaşlaryň täze nesli kemala gelýär. Şeýle hünärmenleri taýýarlamakda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty möhüm orny eýeleýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda sport bilen meşgullanmagyň barha giň gerime eýe bolýandygy ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgesini saýlap alýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Abadan ýurtda, parahat durmuşda il-ýurt bähbitli döwletli işlere goşant goşmak her birimiz üçin uly bagt, belent mertebe. Öňde duran beýik işleriň, belent sepgitleriň ýokary ruhubelentlikde üstünlikli amal edilmeginde sport bilen meşgullanýan gujur-gaýratly ýaşlarymyzyň hem mynasyp goşandy bolar.
Ýedibaý BAÝRAMDURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.