Kino sungatynyň iň esasy film festiwallarynyň hatarynda görkezilýän Kann kino festiwalynda baş baýragyň dalaşgärleri mälim edildi. Şu ýylyň 14-25-nji maýy aralygynda geçiriljek 77-nji Kann film festiwalynda baş baýrak bolan “Altyn palma” ugrunda 19 film dalaşgär görkezildi.
Kenten Dýupýonyň “Ikinji akt” (Le deuxième acte) filmi bilen açyljak festiwalda baş baýraga dalaşgär görkezilen ekran eserleriniň arasynda ussat režissýor Fransis Ford Koppola, Ýorgos Lantimos, Andrea Arnold, Dewid Kronenberg, Žak Odiar, Ali Abbasi, Pol Şrader, Kirill Serebrennikow, Paolo Sorrentino hem-de Szýa Çžanke ýaly belli režissýorlaryň surata düşüren soňky kinolary hem bar.
Festiwalda esasy bäsleşikde bäsleşjek filmleri saýlajak eminler toparyna zenan režissýor Greta Gerwig ýolbaşçylyk eder. Eminler toparynyň özümizdäki günlerde mälim edilmegine garaşylýar.
Esasy bäsleşikden başga-da festiwalyň çäginde “Başgaça garaýyş” (Un Certain Regard), “Bäsleşikden daşgary” (Hors Competition), “Kann premýeralary” (Cannes Premiere), “Ýörite görkezilişler” (Special Screenings) hem-de “Ýarygijeki görkezilişler” (Midnight Screenings) ýaly bölümlerde-de birnäçe ekran eserleri görkeziler. “Başgaça garaýyş” bölüminde bäsleşjek filmlere baha berjek eminler toparyna kanadaly ýaş režissýor hem-de aktýor Ksawie Dolan ýolbaşçylyk eder.
Jorj Milleriň kino muşdaklarynyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan “Furiosa: telbe Maksyň hronikasy” (Furiosa: A Mad Max Saga) filmi-de “Bäsleşikden daşgary” bölümiň çäginde tomaşaçylaryň dykgatyna ýetiriler. Şol bölümde fransiýaly ýaş zenan aktrisa hem režissýor Noemi Merlanyň öz ssenarisi esasynda ekranlaşdyran “Balkondaky zenanlar” (Les Femmes au balcon) filmi-de garaşylýanlaryň hatarynda diýlip bellenilýär.
Festiwalyň çäginde ussat kinoçy, “Ýyldyz söweşleri” filmleriniň esaslandyryjysy, režissýory Jorj Lukasa “Altyn palma” (Honorary Palme d’Or) hormat sylagy berler.
“Şägirt” (The Apprentice) – Ali Abbasi – Daniýa, Kanada, Irlandiýa
“Destino moteli” (Motel Destino) – Karim Aýnuz – Braziliýa, Fransiýa
“Guş” (Bird) – Andrea Arnold – Birleşen Patyşalyk, Fransiýa, Germaniýa
“Emiliýa Peres” (Emilia Perez) – Žak Odiar – Fransiýa
“Anora” (Anora) – Şon Beýker – ABŞ
“Megalopolis” (Megalopolis) – Fransis Ford Koppola – ABŞ
“Örtükler” (The Shrouds) – Dewid Kronenberg – Kanada, Fransiýa
“Hakykat” (The Substance) – Korali Faržea – ABŞ
“Uly gezelenç” (Grand Tour) – Miguel Gomeş – Portugaliýa, Fransiýa
“Marçello Mio” (Marcello Mio) – Kristof Onore – Fransiýa, Italiýa
“Romantik ýaşlar” (Caught By The Tides) – Szýa Çžanke – Hytaý
“Biziň hemmämiz ýagtylyk ýaly pikir edýäris” (All We Imagine As Light) – Paýal Kapadia – Hindistan, Fransiýa
“Ýagşylygyň görnüşleri” (Kinds Of Kindness) – Ýorgos Lantimos – Irlandiýa, Birleşen Patyşalyk
“Ejir çeken ýürekler” (L’amour Ouf) – Žill Lelluş – Fransiýa, Belgiýa
“Ýabany almaz” (Diamant brut) – Agate Ridinger – Fransiýa
“Kanada” (Oh Canada) – Pol Şrader – ABŞ
“Limonow: Ediçke hakynda ballada” (Limonov – The Ballad) – Kirill Serebrennikow – Fransiýa, Italiýa, Ispaniýa
“Partenope” (Parthenope) – Paolo Sorrentino – Italiýa, Fransiýa
“Iňňeli gyz” (Pigen med nalen) – Magnus Won Horn – Şwesiýa, Daniýa, Polşa