22-nji aprelde Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Dewid Kemeron Gyrgyz Respublikasynda saparda bolup, Prezident Sadyr Žaparow bilen duşuşdy. Merkezi Aziýa ýurtlarynda we Mongoliýada saparda bolýan Kameron bu saparyna Tijigistandan başlapdy. Gyrgyz metbugatynyň habaryna görä, duşuşykda iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, syýasy, söwda-ykdysady, maýa goýum, energetika we ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada pikir alşyldy.
Şeýle hem taraplar bilim we möwsümleýin zähmet migrasiýasy, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Sadyr Žaparow Beýik Britaniýanyň öz ýurdunyň daşary syýasatynyň günbatar ugrunda möhüm orun eýeleýändigini belledi.
Taraplar Dewid Kemeronyň resmi saparynyň Gyrgyzystan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.
Mundan soňra Dewid Kemeron Merkezi Aziýa saparynyň çäklerinde Özbegistanda saparda bolar. Soňky gezek Özbegistanda 1997-nji ýylyň fewralynda şol döwürdäki Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Malkolm Rifkind saparda bolupdy.