UEFA Ýaşlar Ligasynda Gresiýanyň “Olimpiakos” topary çempion boldy. Grek klubunyň ýaşlar düzümi Şweýsariýanyň Nýon şäherinde geçirilen finalda Italiýanyň “Milan” toparynyň ýaşlar düzümini 3-0 hasabynda utdy. “Olimpiakosa” ýeňiş getiren gollary 60-njy minutda penaltiden Muzakits, 61-nji minutda Papakanellos, 66-njy minutda-da Bakulas derwezä girizdi. Şunlukda, “Olimpiakos” topary taryhynda ilkinji gezek bu ýaryşda ýeňiji boldy.

“Olimpiakos” topary UEFA-nyň ýaryşlarynda ýeňiş gazanan ilkinji grek kluby hökmünde hasaba alyndy. Umumylykda bu grekleriň UEFA-daky EURO 2004-de gazanylan çempionlykdan soň 2-nji ýeňşi boldy.

“Olimpiakos” topary esasy ligadan bolman çempionlyk gazanan 3-nji klub bolup, ondan öň “Leipsig” hem-de geçen möwsümde AZ toparlary ýaryşa ýerli çempionlar kategoriýasyndan goşulyp, kubogy eýeläpdi.

Geçen möwsüm 3-nji ýeri eýelän “Milan” bu sapar kümüş medala mynasyp boldy. 10-njy gezek geçirilen ýaryşda “Çelsi” bilen “Barselona” 2, “Benfika”, “Porto”, “Real Madrid” 1 sapar çempionlyk gazandy.