Türkmen halky asyrlaryň dowamynda umumadamzat bähbitli, naýbaşy gymmatlyklary döredip, dünýä medeniýetine goşant goşan beýik halkdyr. Şol maddy gymmatlyklaryň biri-de türkmeniň uçar ganaty, toýly günde göwünhoşy, ýowly günde baş ýoldaşy, halk zehininiň mähekdaşy, gözelligiň göwher gaşy bolan ahalteke behişdi bedewlerimizdir. Bedew – türkmeniň ykbaly, bedew – türkmeniň ykrary. Şonuň üçin türkmen halkyny bedew atsyz göz öňüne getirmek mümkin däl.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly pederlerimizden miras galan asylly däpler hormatly Prezidentimiziň başlangyjy, şahsy göreldesi bilen dowam edýär we ösdürilýär. Dana gojalarymyz, mährem ejelerimiz perzentlerini halal ojakly, arassa ahlakly, päk kalply, ynsaply, ygrarly, lebzi halal, pähim-paýhasly ynsanlar edip terbiýelemäge uly üns beripdirler. Hatda ynançlaryň esasynda uly terbiýeçilik ähmiýeti bolan at hakyndaky yrymlary hem döredipdirler. Mysal üçin, dal bedewleriň piri Düldül ata hasaplanylypdyr. Bu Hezreti Alynyň Düldül atynyň ady bilen baglanyşykly bolmaly. Dal bedewleri seýislänlerinde, öz ata-babalaryndan galan ýörelgelerine uýan türkmen halky Düldül atanyň ady bilen başlapdyr. Şonda işleriniň şowly boljakdygyna ynanypdyrlar. At çapyşyklarda, ýaryşlarda hem Düldül atanyň ady bilen tutan tutumlary şowly bolupdyr.
Halkymyzda gapynyň üstünden nal kakyp goýmak hem göz degmekden gorap saklaýar diýen ynanç bar. Ata-babalarymyz «Nal aýagyň aşagynda bolsa-da, bagt depäňde bolsun!» diýipdirler.
Türkmen halky halk döredijiliginde at bilen baglanyşykly yrym-ynançlardan başga-da, birnäçe nakyllary hem döredipdir. Muňa “Paýhas çeşmesindäki” türkmen bedewleri baradaky nakyllary mysal getirmek bolar: “Atyny ýamanlanyň, ýol biýr jezasyn, Ilini ýamanlanyň, ýat biýr jezasyn”, “Batyr aty bilen batyr, at batyry bilen at”, “Är öler – heňňam galar, at öler – meýdan”, “At basyşyndan belli, är – bakyşyndan”, “At başyna iş düşse, agyzdyrygy bile suw içer, Är başyna iş düşse, ädigi bile deňiz geçer”, “At ýaly bilen owadan, zenan – saçy bilen”, “At ýortuşda belli, gurt – ýyrtyşda, är – göreşde, batyr – söweşde”, “Bedew at menzil keser”, “Bedew atlar semiz bolar, goç ýigitler tämiz bolar”, “Bedew jul içinde belli, göwher – kül içinde”, “Gyz alsaň – kynykdan al, at alsaň – ýüwrükden”, “Oglany atasy tanar, aty – eýesi”, “Uzak ýol aty synar, agyr gün – äri”, “Ýagşy atyň dişini görme, ýagşy kişiň ýaşyny sorama”, “Ýagşy eşekden hor-da bolsa at ýagşy”, “Ýagynly gün at alma, ýelli gün guş salma”, “Ýigidiň aýagynyň astynda at ynjamaz”, “Ýorga ata ýol ýagşy, ýüwrük ata – meýdan”, “Ýörgür at gamçysyz gider”, “Çyn bedewler meýdanynda bellidir”, “Gawun gabygyndan tanalar, bedew – söbüginden”.
At-owazasy asyrlaryň jümmüşine ýaň salýan türkmen bedewiniň şan-şöhraty “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da barha dabaralansyn. Bedew bady bilen barýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelen medeni gymmatlyklaryny, şol sanda halk döredijiligini we milli däp-dessurlarymyzy öwrenmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän milli Lidermize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

Jennet Hallyýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.