Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygynyň biri hem «ak altyndyr». Häzirki wagtda ýurdumyzyň senagat pudagynda hem pagta iň esasy çig mal hökmünde ulanylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalаry netijesinde ýurdumyzda ak altynyň bol hasylyny öndürmek, olara oňaýly ideg etmek we gerekli dökünler bilen üpjün etmek boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Güýz paslynyň, ýagny ak altynyň bol hasylyny ýygnamak möwsüminiň ýetip gelmegi bilen häzirki wagtda Watanymyzyň ekerançylyk meýdanlаrynda döwrebap kuwwatly tehnikalaryň kömegi bilen «ak altynyň» bol hasyly ýygnalyp alynýar.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 28-nji awgustynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň pagta ýygymy möwsümine 9-njy sentýabrda girişmäge ak pata berdi. Ahal ýaýlasynyň gowaça ýetişdirilen 135 müň gektar meýdanyndan «ak altynyň» 280 müň tonna hasylyny almak göz öňünde tutulýar. Balkan welaýatynda 13 müň gektarda ýetişdirilen gowaçadan 16 müň tonna «ak altyn» hasylyny almak ugrunda balkanly pagtaçylar yhlasly zähmet çekýärler. Daşoguz welaýatynda 140 müň gektar meýdanda pagtanyň bol hasyly ýetişdirildi. Pagtaly atyzlar 275 müň tonnalyk sepgide ýetiljekdigine uly ynam döredýär. Şu ýyl Lebap topragynda 130 müň gektar meýdandan 320 müň tonna pagta hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär. Mary welaýatynyň pagtaçy daýhanlary 162 müň gektar meýdanda gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Häzirki wagtda ýurdumyzda pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Pagta hasylyny gysga wagtda ýygnap almak hem-de pagta arassalaýjy kärhanalarda kabul edilen hasyly gaýtadan işlemek boýunça degişli işler geçirilýär.
Aşyk DERÝAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
PDF








