At adamzat taryhynda ilkinji eldekileşdirilen jandarlaryň biri bolup, dünýäde 400 töweregi görnüşi bar. Atlaryň käbir tohumy ýyndamlygy bilen tapawutlanýan bolsa, käbiri owadanlygy bilen görenleri haýrana goýýar. Käbiri uly göwresi bilen tanalýan bolsa, atyň edil çagalar üçin niýetlenen ýaly kiçijik görnüşleri hem bar.
Atlaryň appaluza (alabeder menek-menek at) tohumyna degişli Bombel dünýäniň iň kiçi aty hasaplanýar. Boýy bary-ýogy 56,7 santimetre ýetýän kiçijik erkek «taýçanak» Polşanyň Lodz şäherindäki fermada saklanýar. Atyň eýeleri Patrik we Kataržina Zelinskiler Bombeliň kiçijikdigine garamazdan uly güýjüniň bardygyny belleýärler. Alabeder reňkli Bombel fermanyň otly meýdanynda dürli oýunlary etmek bilen birlikde bede üýşmekleriniň üstüne çykyp, böküp hem bilýär. 2014-nji ýylda entek iki aýlyk mahaly käbir aýratynlyklary ýüze çykyp ugran pökgüje at şondan soňra ösmeýär. «Biz taýçanagymyzyň ösüşden galmasyny wagtlaýyn ýagdaý öýdüpdik. Emma ýaşy ulalansoň hem Bombel şol durkunda saklandy. Biz ahyrsoňy Ginnesiň rekordlar kitabyna habar bermeli diýen karara geldik» diýip, Kataržina gürrüň berýär. Şeýlelikde, Bombel 2018-nji ýylda dünýäniň iň kiçi aty diýlip Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilýär.
Bombel daş-töweregine şatlyk paýlamaga ökde. Pökgüje aty, esasan hem, çagalar eý görýärler. Çagalar häli-şindi ferma baryp, Bombeliň gülkünç hereketlerini synlaýarlar, aty idedýärler hem-de wagtlaryny gyzykly geçirýärler.