UEFA Zenanlar Çempionlar Ligasynda finala çykan toparlar belli boldy. Ýarym finalyň jogap oýunlaryndan soň soňky 8 ýylyň çempionlary Ispaniýanyň “Barselona” topary bilen Fransiýanyň “Lion” topary finalda oýnamaga hukuk gazandylar.

Öz meýdançasynda “Çelsiden” 1-0 utulan (bu olaryň ähli ýaryşy hasaba alanyňdaky möwsümdäki ilkinji ýeňlişidi) “Barselona” jogap oýnunda garşydaşyny Bonmati (25) hem-de Rolföniň (75 p) gollary esasynda 2-0 ýeňip, bassyr 4-nji, soňky 6 ýylda 5-nji gezek finala çykdy. Soňky çempion “Barselonanyň” finaldaky garşydaşy öňki möwsümiň çempiony “Lion” topary boldy.

Fransiýanyň “Lion” kluby ýarym finalda ýurduň başga bir topary PSŽ bilen duşuşdy. Öz meýdançasynda 3-2 hasabynda ýeňen “Lion” myhmançylykda-da 2-1 hasap bilen ýeňip, 11-nji gezek finala adyny ýazdyrdy. Soňky 9 ýylda 7-nji gezek finala çykan “Liona” jogap oýnunda ýeňiş getiren gollary Baça (3) bilen Dumorni (81) getirdi.

23-nji UEFA Zenanlar Çempionlar Ligasynyň finaly 25-nji maýda Ispaniýanyň Bilbao şäherindäki “San Mames” stadionynda oýnalar.

“Barselona” bilen “Lion” toparlary mundan öň 2 gezek 2019-njy hem-de 2022-nji ýyllarda finalda duşuşyp, 2-sinde-de fransuz kluby 4-1 we 3-1 hasaplar esasynda ýeňipdi. Bu ýaryşda “Lion” 8 çempionlyk bilen sanawyň başyny çekip gelýär. “Barselonanyň” bolsa 2 çempionlygy bar.