Türkmen tennisçileri Täjigistanda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen Duşanbäniň açyk çempionatynda kümüş medal gazandylar.
Bäsleşige Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan, şeýle-de Belarusdan, Russiýadan we Kanadadan 88 oglan we gyz gatnaşdy.
13 ýaşly Emirhan Rüstamow Türkmenistanyň toparyna iki kümüş medal getirdi. Bu üstünligi ilki ýekelikde, soň bolsa jübütleriň ýaryşynda gazandy. Ol 12 ýaşly Süleýman Hudaýberdýew bilen bilelikde çykyş etdi.
Türkmenistanyň ýygyndysynyň ýene bir kümüş medalyny 11 ýaşly Näzli Hudaýkulyýewa gazandy. Ol gazagystanly Kseniýa Semýonowa bilen jübütleriň ýaryşynda çykyş edip, bu üstünlige ýetdi.
Çeşme: sportcom.gov.tm