Angliýanyň 2-nji ligasy EFL Championship-de “Lester Siti” çempionlygyny yglan edip, 1 ýyldan soň “Premier Liga” dolandy. 45-nji tapgyrda “Preston Nort End” toparyny Jeými Wardi (2) hem-de Keýzi MakAtiriň gollary bilen 3-0 ýeňen “Lester Siti” 2-nji ligada 8-nji gezek çempion bolmagy başardy. Olar bu ugurda “Mançester Sitiniň” rekordyny (7 çempionlyk) täzelemegiň hötdesinden geldi. “Lester Siti” 45 oýunda 97 utuk toplady. 2-nji ýerde 93 utuk toplan “Ipswiç Tawn” barýar. Olara soňky tapgyrda 1 utuk hem ýeterlik bolar.