“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” adyna eýe bolan 2024-nji ýylda geçirilýän çäreleriň çäklerinde Türkmenabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebinde “Açyk gapylar güni” mynasybetli sapaklarda okuwçylaryň bilim derejelerini öwrenmegiň usullary ady bilen usuly-amaly maslahat geçirildi. Usuly-amaly maslahata Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň hünärmenleri, mekdebiň mugallymlary, okuwçylar, şeýle-de şäheriň beýleki mekdeplerinden mugallymlar gatnaşdylar. Usuly-amaly maslahat “Gahryman Arkadagly bagtyýar nesiller” atly dabaraly mekdep nyzamy bilen başlandy. Maslahatyň başynda Sapaklarda bilim, terbiýäniň hilini ýokarlandyrmakda görkezme esbaplaryň, serişdeleriň ähmiýeti bilen baglanyşykly gurnalan sergi, Germaniýanyň “Gýote” instituty bilen mekdebiň ýakyndan gatnaşygy dogrusynda tanyşlyk prezentasiýasy, tegelek stolyň başynda edilen söhbetdeşlik, ýeňil atletika: duran ýerinden uzaga bökmek barlag sapagy, “Açyk gapylar güni” mynasybetli mekdebiň mugallymlarynyň dürli mowzuklarda geçiren sapaklary örän täsirli boldy.
Şeýle hem mekdebiň mejlisler zalynda “Gülleýär, ösýär, eziz Diýarym” atly aýdym-sazly çykyşlar guraldy. Usuly-amaly maslahatyň jemini Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmenleri, hünärmenleri jemlediler.
Usuly-amaly maslahatyň esasy maksady sapaklarda okuwçylaryň bilim derejelerini öwrenmegiň asyl nusgasy bolup, gelejegi nazarlaýan, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ylymly-bilimli, ýokary dünýä garaýyşly bolup ýetişmeklerini wagyz etmekden ybarat boldy.
Çykyşlaryň dürli görkezme esbaplar bilen baýlaşdyrylmagy bolsa olaryň täsirliligini artdyrdy.

Tawus Ýagmyrowa, Türkmenabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň mugallymy.