Albaniýanyň Durres şäherinde geçirilen gysgaldylan wagt gözegçiligi bilen iki görnüşde geçip tamamlanan «blis» boýunça çagalar Dünýä çempionatynda türkmenabatly 9 ýaşly küştçi Aýa Baýramowa bürünç medal gazandy.
Ýaryşa 43 ýurtdan 375 oglandyr gyzlar gatnaşdy, olar medallar ugrunda «rapid» we «blis» usulynda 8, 10 we 12 ýaşa çenli üç ýaş toparynda bäsleşdiler. «Rapidde» her oýunça her göçüm üçin goşmaça 5 sekunt bilen her oýna 15 minut wagt berildi. «Blisde», ýagny ýyldyrym çaltlygyndaky küşt oýnunda bolsa her göçüm üçin 3 sekunt goşmak bilen, her oýna 5 minut wagt berildi.
Biziň ildeşimiz dünýä birinjilik baýragy ugrunda 41 gyz bäsleşen 10 ýaşa çenli toparda bürünç medal gazandy. Aýa Baýramowa (FIDE reýtingi – 1657) mümkin bolan 11 utukdan 7,5 utuk toplady. Ol diňe FIDE-niň baýdagy astynda çykyş edip, (10 utuk, FIDE reýtingi – 1883) ýaryşyň ýeňijisi bolan russiýaly Alisa Genrietta Ýunkerden we 9 utuk bilen ikinji orny eýelän hindistanly A.S.Şarwaanikadan (FIDE reýtingi – 1673) asgyn gelip, 3-nji orny eýeledi.