Germaniýanyň Bonn şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda howanyň üýtgemegine bagyşlanan halkara maslahat geçirilýär. 17-nji noýabra çenli dowam etjek maslahatda howanyň üýtgemegine garşy göreşde esasy hukuk resminamasy bolan Pariž ylalaşygynyň ýerine ýetirilişi barada jikme-jik pikir alşarlar.
Şu wagta çenli bu ugra bagyşlanyp, köp sanly çäreler geçirildi. BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyna gatnaşyjylaryň 23-nji maslahaty, Kioto ähtnamasyna gatnaşyjylaryň 13-nji maslahaty we Pariž ylalaşygyna gatnaşyjylaryň 1-nji maslahaty geçirildi. Bu halkara derejesindäki maslahatlaryň esasy wezipesi tutuş dünýäde howanyň üýtgemegine garşy göreşi güýçlendirmekden ybarat. Germaniýada geçirilýän maslahatyň esasy wezipesi Pariž ylalaşygynyň hukuk namalary esasynda öňde duran wezipeleriň durmuşa geçirilmegini gazanmakdan durýar.
Şu ýokary derejeli maslahatyň öz işine başlan güni Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy 2017-nji ýylyň tutuş taryhda 3-nji iň yssy ýylyň bolandygyny mälim etdi. Guramanyň beýanatyna görä, 2016-njy ýyl “El-Nino” yssy akymynyň hasabyna tutuş adamzat taryhyndaky iň yssy ýyl boldy. 2017-nji we 2015-nji ýyllar-da degişlilikde bu ugurda ikinji we üçünji orunlary eýeleýär.
2017-nji ýylyň tomus paslynda Ýewropanyň günortasyndaky aýry-aýry sebitlerde, Demirgazyk Afrikada, Afrikanyň günorta we gündogarynda, şeýle hem Russiýanyň Aziýa böleginde howanyň gyzgynlygy rekord derejelere ýetdi.
Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň Baş sekretary Petteri Taalasyň bellemegine görä, soňky 3 ýyl yssy bolup, onuň hem ählumumy maýylganlyk bilen baglanyşyklydygy mälim edildi. Onuň belleýşi ýaly, köp sanly adatdan daşary howa şertleri howanyň üýtgeýändiginden habar berýär.
Bonn şäherindäki halkara maslahata 197 ýurtdan 25 müňden gowrak wekil gatnaşýar. Maslahatyň açylyş dabarasynda çykyş eden Germaniýanyň daşky gurşawy goramak, gurluşyk we reaktorlaryň howpsuzlygy boýunça ministri Barbara Hendriksiň aýdyşy ýaly, biz Parižde tutuş dünýä boýunça howanyň temperaturasyny 2 gradusdan geçirmezlik babatda ylalaşdyk. Bu ugurdaky tagallalary dowam etdirmeli. Ýokary derejeli maslahata Fiji Respublikasy başlyklyk edýär. Ol hem tutuş dünýäniň esasy merkezi meselesiniň howanyň üýtgemegi bolup galýandygyny görkezýär. Ýer şaryndaky ululy-kiçili ähli ýurtlar bu ugurda degişli işler alyp barýar.
Maslahatyň çäklerinde 15-16-njy noýabrda BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreşiň hem-de köp sanly ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda dürli derejedäki ýygnaklar geçiriler.