Londonda Mikelanjelonyň ömrüniň we döredijiliginiň soňky 30 ýylyna bagyşlanan sergi açyldy. Öndürijilikli işlän suratkeş 1564-nji ýylda 89 ýaşynyň içinde aradan çykýar, ýöne ol ömrüniň soňky günlerine çenli sungat eserlerini döretmegini dowam etdirýär. 1534-nji ýylda Mikelanjelo Florensiýadan Rime gidýär. Şonda ol 59 ýaşynda bolup, döwürdeşleriniň köpüsi ony eýýäm gartaşan hasaplaýardy. Ýöne bu ädim Mikelanjelo üçin suratkeş hökmünde tejribesini düýpgöter özgerden täze dramatik döwrüň başlangyjy bolýar.
Britan muzeýiniň resmi web sahypasynyň habaryna görä, bu sergi Mikelanjelonyň Rim papasy Kliment VII-iň çakylygyny kabul eden döwrüne bagyşlanýar. Kliment VII suratkeşe Sikstin ybadathanasyna “Soňky höküm” freskasyny çekmegi tabşyrýar. Bu eser oňa has köp sargyt getirip, Klimentiň ýakynlarynyň käbiri bilen dostlaşmagyna sebäp bolýar.
Şol döwürde Dawidiň heýkeli bilen şöhrat gazanan Mikelanjelo eýýäm Ýewropanyň iň meşhur suratkeşi hasaplanýardy. Onuň ynamy, işjeňligi we umydy öz karýerasynda iň güýçli eserleri döretmegine itergi berýär. “Soňky höküm” üçin taýýarlan çyzgylary, onuň gujur-gaýratynyň näderejede egsilmezdigini görkezýär.
-Köp adamlar Mikelanjelo hakda gürrüň edilende, onuň diňe Dawidiň heýkeli we Sikstin ybadatnasyndaky freskasy ýaly ilkinji eserlerini ýatlap, onuň beýleki eserlerini unudýarlar – diýip, Britan muzeýinde sergini guraýjy Sara Woulz aýdýar.
Bu ýere gelýänler, Sikstin ybadathanasyndaky “Soňky höküm” freskasynda janlandyrylan şekilleriň eskizlerini we beýleki çyzgylary görüp bilerler. Onuň aradan çykmazyndan 10 ýyl öň, çeken suratlary hem sergide goýlupdyr. Olar Mikelanjelonyň usulyýetiniň ýaşynyň ulalmagy bilen nähili üýtgändigini görkezýär. Mikelanjelonyň ömrüniň soňky ýyllarynda döreden eserlerine bagyşlanan häzirki sergi bilen Londondaky Britan muzeýinde 28-nji iýula çenli tanşyp bolýar.