«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistan bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) arasyndaky gatnaşyklar aýratyn ähmiýete eýe boldy. Türki döwletleriň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak ugrunda giň tagalla edýän Türki medeniýetiň halkara guramasy 2023-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi. Şeýle hem bu gurama tarapyndan 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» hökmünde gadymy Änew şäheri saýlanyp alyndy.
Bu taryhy wakalar Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky gatnaşyklary täze derejelere çykardy. Mart aýynda ýurdumyzda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» hökmünde saýlanyp alnan Änew şäherindäki dabaralara badalga berildi.
Golaýda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy» ýylynyň dabaralaryna badalga berildi. Oňa ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri hem gatnaşdy. Bu dabaralar beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň bellenýän ýylynda meşhur söz ussadynyň belent ynsanperwer taglymlara ýugrulan döredijilik mirasynyň diňe bir türki dilli halklaryň däl, eýsem, bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak hazynasydygyny tassyklady.
Türki dünýäsinde döredilen ilkinji hyzmatdaşlyk guramasy bolan Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ 1993-nji ýylda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan we Türkiýe Respublikasynyň medeniýet ministrleri tarapyndan gol çekilen şertnama esasynda döredildi. Türki dünýäsinde we dünýä derejesinde medeni hem döredijilik äleminiň arasynda hemişelik hyzmatdaşlygy üpjün edýän TÜRKSOÝ-yň işi döredilen gününden bäri agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň howandarlygynda amala aşyrylyp gelinýär.
Türki Döwletleriniň Guramasy, Halkara Türk akademiýasy we beýleki türki döwletleriň gurama düzümleri TÜRKSOÝ bilen utgaşyklylykda işleýän guramalardyr. Bu gurama ÝUNESKO we beýleki halkara guramalar, uniwersitetler we hökümete degişli bolmadyk guramalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.
Kakamyrat SOLTANOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.