Hytaýyň «AirChina» kompaniýasy bu ýurtda öndürilýän «C919» uçaryndan 100 sanysyny satyn aljakdygyny mälim etdi. Awiakompaniýa ýolagçy uçarlarynyň her biri üçin 108 million dollar tölär. Sargyt edilen harytlar 2024-2031-nji ýyllar aralygynda gowşurylar. «AirChina» geçen ýylyň 25-nji dekabrynda uçary öndüriji COMAC-dan 6 sany «C919» hem-de gysga aralyga niýetlenen ARJ21 uçaryndan 11 sanysyny sargyt edipdi.
Mundan ozal «China Eastern» kompaniýasy 2021-nji ýylda 5 sany «C919» sargyt edipdi. Bu uçar bilen ilkinji ýolagçy gatnawy geçen ýylyň maý aýynda amala aşyrylypdy.
Köp bölegi Hytaýda öndürilýän uçaryň hereketlendirijisi amerikan kompaniýasyndan satyn alynýar. Uçar «Boeing 737» hem-de «Airbus 320» uçarlary bilen deňeçer bolup, şolar bilen bäsdeşlik etmek üçin öndürilýär.
Hajymuhammet Sapadow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.