“Proceedings of the National Academy of Sciences” žurnalynda çap edilen makalada bilermenler möý kerebiniň gurluşyndan peýdalanyp, mikrofonyň dürli görnüşlerini öndürmegi maksat edinýändikleri barada mälim etdiler. Bu enjam has güýçli sesleri süzgüçden geçirip, pes ýygylykdaky sesleri aýyl-saýyl etmäge mümkinçilik berer. Gelejekde bu enjam has kämilleşdirilip, eşitmekde kynçylyk çekýänler üçin telefon ulgamlarynda hem ulanmak göz öňünde tutulýar.
Nýu-Ýorkuň Binghamton uniwersitetiniň alymlar topary adamlaryň hem-de janly-jandarlaryň ses eşidişini we duýgurlygyny deňeşdirdiler. Adamlar eşitmek üçin sesiň basyşyna bagly gulak perdelerini ulanýan bolsa, möjejikler öz tüýlerinden peýdalanýarlar.
– Çybyn, siňek, möý (düşdüş) ýaly jandarlar howadaky basyşyň üýtgemegini anyklamagyň ýerine, bedenlerindäki inçejik tüýleriň kömegi bilen howanyň hereketini duýup bilýärler. Möý kerebiniň ýüplügi örän pes ýygylykdaky sesleri hem eşitmegimize mümkinçilik berer. Ol şeýle bir inçe bolup, adamyň eşidip bilmejek derejedäki pes, ýagny 3 gers (yrgyldylaryň çaltlygy ölçelýän birlik) ýygylykdaky seslere hem duýgurdygy anyklanyldy – diýlip, makalada bellenilýär. Hünärmenler düşdüş kerebini magnitli enjama ýerleşdirip, sesiň yrgyldylaryndan dörän hereketlenmeleri elektroniki görnüşe öwürmek bilen örän duýgur mikrofony ýasadylar.