Russiýanyň çempionatynda çempionlyk ugrunda 3 klubuň arasynda ýiti göreş dowam edýär. Öz meýdançasynda “Ahmat” toparyndan 1-0 utulan “Krasnodar” öňe geçmek mümkinçiliginden peýdalanyp bilmedi. “Dinamo” hem öz meýdançasynda “Soçi” bilen duşuşyp, 5 goluň geçirilen oýnunda moskwalylar 3-2 hasabynda ýeňşini baýram etdi. “Dinamo” ýeňiş goluny 90+2-nji minutda geçirdi. Myhmançylykda “Fakel” bilen duşuşan “Zenit” 90+11-nji minutda ýeňşi elden giderdi. Russiýanyň çempionatynda 27-nji tapgyrda 4 duşuşygyň ykbaly 90-njy minutdan soň geçirilen gollar bilen kesgitlenildi.

 

Orenburg – Krylýa Sowetow: 2-1 (Peres 24 p, Worobýew 67 – Rahmanowiç 53),

Krasnodar – Ahmat: 0-1 (Konate 46),

Dinamo–Soçi: 3-2 (Týukawin 53, Bitello 85, Ngamalýo 90+5–Guarirapa 83, Saawedra 90),

Pari NN – Spartak: 0-0,

Ural – Baltika: 2-1 (Kaştanow 19 p, Ionow 90+5 – Lisakowiç 1),

Fakel – Zenit: 1-0 (Markow 90+11 p – Duglas Santos 41),

SSKA – Rubin: 2-2 (Faýzullaýew 45+1, Çalow 74 – Rožkow 42, Daku 90+2),

Lokomotiw – Rostow: 1-0 (Mirançuk 5)