Urugwaýyň milli ýygyndysynyň argentinaly tälimçisi Marselo Bielso topara professional däl, has takygy ýarym professional ligada çykyş edýän futbolçyny çagyrdy. Meşhur tälimçi Urugwaýyň maý aýynyň ahyrynda Kosta Rika bilen geçirjek ýoldaşlyk duşuşygynyň düzümine 24 ýaşyndaky hüjümçi Walter Domingesi hem saýlap aldy. Ol ýarymprofessional hasaplanýan “Huwentud de Soriano” klubunda çykyş edýär. Walter şu möwsümde 19 oýunda 38 gol geçirdi. Onuň “Huwentud” klubunda 39 oýunda 57 goly bar. Tälimçiniň Domingesi meýdança çykaryp çykarmajakdygy eýýämden köpleri içgin gyzyklandyrýar.