Mundan soň tutuş dünýäde her ýylyň 25-nji maýy Bütindünýä futbol güni diýlip belleniler. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynda karar kabul edildi. Täjigistan Respublikasynyň başlangyjy bilen öňe sürülen bu teklip 160-dan gowrak ýurt tarapyndan makullandy we 25-nji maý Bütindünýä futbol güni diýlip bellenilmeli edildi. 25-nji maýyň saýlanmagyna – mundan 100 ýyl öz Parižde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda futbol ýaryşyna ilkinji gezek ähli sebitlerden hem toparlar wekilçilik edipdi we şol Olimpiýa oýunlarynda futbol duşuşyklarynyň 25-nji maýda başlamagy – esas hökmünde görkezildi.
BMG tarapyndan beýan edilen kararda futbolyň durnukly ösüşde ýeňilleşdiriji rolunyq uludygy, parahatçylygyň höküm sürmeginde, birek-birege hormat sylagyň wagyz edilmegine goşandygynyň bimöçberdigi aýratyn nygtalýar. Şol sanda FIFA-nyň, milli federasiýalaryň, yklym assosiasiýalaryň futboly has giňden wagyz etmekdäki bitirýän işleri barada-da bellenililip geçilýär.